Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.01.2024

ÝÜREKLER BUÝSANJA BESLENÝÄR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyza, edebiýatymyza we sungatymyza uly sarpa goýulýar. 

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi jemgyýetimiziň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda, agzybir halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgesini dowam etdirmekde, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde çuňňur many-mazmuna eýe bolup durýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar —­Wa­ta­nyň ­da­ýan­jy» at­ly ­ese­rin­de: ­«Magtym­gu­ly­-bu­ mi­ze­me­ýän­ Wa­tan­ söý­gü­si,­ halk ykbalynyň aladasy, belent häsiýetleriň gaý­ma­gy­dyr. Magtym­gu­ly­ - ta­ry­hy ­kök­lerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr. Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir» diýip, Magtymguly Pyraga ýokary derejede uly ähmiýet berýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy merdana halkymyzda uly ruhubelentlik döredip, ata Watanymyza söýgini, ussat şahyrymyza hormat-sarpany has-da artdyrdy, şahyrana kalplaryny buýsanç duýgusyna besledi. 

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda degişli çözgüdi kabul etdiler. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

 Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýup, milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA, 

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.