Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
18.01.2024

Bagtyýar durmuşyň özeni

 

Parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport ulgamyny  ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler bimöçberdir. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny sport arkaly ösdürmek ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär. 

 

Durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde sportuň ähmiýetini ykrar edip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagy ugrunda geçirilen çäreler Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň düzgünnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen ne tijeli işleriniň aýdyň ykrary bolup, dünýäniň taryhynda dabaralandy. Munuň özi, adam hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek işinde sportuň goşandynyň artýandygyny şöhlelendirýär. Sportuň we olimpiýa hereketiniň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini dünýäniň abraýly habar beriş serişdeleri wagyz edýärler. Çünki bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş kadalary dünýä medeniýetiniň örän möhüm hem-de gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatlyklar her bir döwletiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar.

Halkara giňişliginde ynsanperwer gatnaşyklaryň binýadyny berkitmäge yzygiderli tagalla edýän güneşli Diýarymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşi bilen türkmen milli göreşini birnäçe umumylyklar baglanyşdyrýar we özboluşly aýratynlyklar tapawutlandyrýar. Umuman, göreş türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gadym döwürlerden bäri sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar türkmen halkynyň toýlarynyň, baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly bezegidir.

Ýurdumyzda häzirki wagtda bedenterbiýäniň we sportuň hukuk binýady Esasy Kanunymyza, halkara hukuk kadalaryna, milli däplerimize esaslanyp, binýady yzygiderli berkidilýär. Munuň netijesinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň mazmunyny baýlaşdyrýar, bu ugra döwlet derejesinde berilýän ünsüň ne tijeliligini görkezýär. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda döwletiň medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýändigi kesgitlenen. Konstitusiýanyň 56-njy maddasynda bolsa döwletiň sportuň ösmegine ýardam edýändigi baradaky konstitusion kadalar berkidilen. Bu ýörelgelere esaslanyp, milli sport kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Sportuň milli kanunçylyk namalarynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki zaman bedenterbiýe we sport ulgamlarynyň ösüşiniň esasynda durýan kadalar, şol sanda köpçülikleýin we professional sportuň kanunçylygy döwrebap häsiýete eýedir. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşýandygy hem aýratyn bellenmäge mynasyp. Onuň şeýledigini sport hukugynyň milli kanunçylyk namalary, ýagny «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň mysalynda görmek bolýar. 

Bedenterbiýe we sport baradaky milli kanunçylygyň esasy wezipesi raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi başarýan türgenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň sport kanunçylygynda adamyň sport hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan hukuk kepillikleri bilen bilelikde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ykdysady, guramaçylyk we hukuk esaslary kesgitlenýär.

Şeýlelikde, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy milli kanunçylyk tarapyndan kepillendirilen. Şonuň bilen birlikde raýatlaryň Türkmenistanyň we halkara sport birleşikleriniň düzgünnamalaýyn resminamalaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport birleşikleriniň, sport merkezleriniň hem-de beýleki bedenterbiýe — sagaldyş, sport ugurly guramalaryny döretmek mümkinçiligi hem kanunçylykda kesgitlenen. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, öňde beýik işler dur. Abadan ýurtda, parahat durmuşda, bagtyýar zamanada il-ýurt bähbitli işlere goşant goşmak her birimiz üçin uly bagtdyr, belent mertebedir.

 

 

 

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

“Türkmen sporty” žurnaly, 04 (20) 2023