Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
18.01.2024

Parahatçylygyň binýady

 

Hormatly Prezidentimiz: «Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda durnuklylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkidilýär. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda döwletleriň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasy nyşany bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň şu günümiz we geljegimiz, onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar. Sagdynlygy we dünýä halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlygy, abadançylygy, ylalaşygy üpjün edýän durmuş ulgamlarynyň biri hökmünde halkara sport syýasaty çykyş edýär. Diýmek, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi döwletimiziň sport ulgamynyň şöhratlanmagyna itergi berýän güýçdür. 

Bitaraplyk parahatçylygy dörediji esasdyr. Sport bolsa parahatçylygyň ilçisi. Sport halklaryň arasyndaky dostluk-doganlygyň has-da berkemegine ýardam berýär. Çünki dünýäniň islendik künjeginde geçirilýän sport ýaryşlary özboluşly sport baýramçylygy bolup, ol dürli halklaryň wekillerini bir ýere jemleýär. Sport ýaryşlaryndaky garşydaşlar, isle ol ýeňen bolsun, isle ýeňlen bolsun, birek-birek bilen dost-dogan bolýarlar. Şeýlelikde, sport milletleri has-da ysnyşdyrýar. Munuň özi bolsa Bitaraplyk syýasatynyň özenini düzýär.   

Dünýäde sport döwleti hökmünde tanalýan Türkmenistan sport baýramçylyklaryny, dünýä çempionatlaryny guramakda görelde alarlyk netijeleri görkezip, dünýäde parahatçylygy we dost-doganlygy üpjün edýän oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. 

Häzirki wagtda döredijilikli kuwwata eýe bolmagy Türkmenistanyň Bitaraplygyna mahsus derejedir. Ol täze başlangyçlar, anyk işläp taýýarlamalar arkaly baýlaşdyrylýar we häzirki zamanyň üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmak ukybyny saklaýar. Onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ugry bolsa üýtgewsizligine galýar. Adamzadyň belent ynsanperwer däplerini şöhlelendirýän sport syýasatynyň dabaralanmagy parahatçylyk söýüjilik, özara düşünişmek hem-de dostluk ýörelgelerine çuňňur sarpa goýýan halkymyzyň mizemez garaýyşlarydyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň 

baş hünärmeni.

“Türkmen sporty” žurnaly, 04 (20) 2023