Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.01.2024

ŞANLY SENELER — TÄZE ÜSTÜNLIKLER

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli şanly senelere uly orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda möhüm orun eýeleýän özgertmeleriň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegidir. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegine bir ýyl dolýar. Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada aýdylanda, olar konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary öz içine alýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen umumymilli forumda ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Taryhy umumymilli forumyň dowamynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, goldanyldy we makullanyldy. Bu Konstitusion kanunlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen pursadyndan, ýagny 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndan herekete girizildi. 

Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan talabalaýyk işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri döredilýär. Bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi baradaky teklipler esasynda işlenip taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Konstitusion kanun bilen kesgitlenýär» diýlen kada girizildi. 

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň mazmunynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny esaslandyrmagyň, düzüminiň, Başlygynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň guralyşynyň kanunçylyk esasy kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleri demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybarat bolup durýar. 

«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň berkidilmeginde, asuda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ikinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginde, milli ykdysadyýetiň geçen ýakyn ýyllarda uly ösüşlere eýe bolmagynda tutanýerli zähmetiniň uly orny bolan Gahryman Arkadagymyzyň ady dünýä dolan Milli Liderlik hukuk ýagdaýy kanunçylyk taýdan berkidildi. 

Ýurdumyzy ösdürmek boýunça ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatyny alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.