Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
22.01.2024

MILLI MIRASYMYZA SARPA

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. 

Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny wagyz etmek, ýaşlara şahyryň goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzyň, nusgawy edebiýatymyzyň ylmy esasda öwrenilýändigini hem aýratyn belläsimiz gelýär. Şonuň netijesinde bu günki gün alymlar milli gymmatlyklarymyz hakynda wagyz-nesihat edýärler, duşuşyklary, maslahatlary geçirip durýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlary terbiýelemekde durmuşa geçirilýän beýik işler ýaşaýşa söýgi, höwes döredip, has-da döredijilikli hem-de netijeli işlemäge ruhlandyrýar. 

Häzirki ajaýyp döwrümizde diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň gymmatlygyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň eserleri milli medeniýetimiziň kökleriniň örän gadymydygyny tassyklaýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy hakynda aýdylanda, diňe bir çeper edebiýat däl, eýsem, pelsepe ummany, ruhy we medeni gymmatlyklaryň hazynasy göz öňüňde janlanýar. Bu gymmatlyklary öwrenmek, wagyz etmek, ýaşlara ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.