Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl — bu agzybirligiň, parahatçylygyň, ösüşleriň, oňyn başlangyçlaryň ýylydyr. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyz geljege ynamly gadam basýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şol sanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler geljekki tutumly maksatlarymyzyň berk binýady bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär.
Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaşlar we zenan parlamentarileriň işini goldamagy, şeýle hem ählumumy gün tertibinde durýan Durnukly ösüş maksatlaryny amal etmek ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi ileri tutýar. Geçen ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 1nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir» diýipdi. Türkmenistanyň Mejlisi Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek bilen, döwletimiziň oňyn başlangyçlaryny halkara giňişlikde wagyz etmek, parlament diplomatiýasynyň üsti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak babatda döwrebap işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Mejlisiň deputatlary bu parlamentara guramalaryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatlaryna Ýewropa Bileleşiginiň Parlament Assambleýasynyň wekilleri bilen guralýan duşuşyklara, maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olar parlament meýdançalarynda döwletimiziň Bitarap ýurt hökmünde öňe sürýän başlangyçlaryny we ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin döredilýän mümkinçilikleri halkara jemgyýetçilige ýetirýärler.
2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa boýunça sebit maslahaty geçirildi. Maslahat döwletleriň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň agzalarynyň özara tejribe alyşmaklaryna hem-de täze teklipleri beýan etmeklerine giň mümkinçilikleri döretdi.
Türkmenistanyň Mejlisi parlamentara gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça dürli derejelerde yzygiderli maslahatlaşmalary hem geçirýär. Geçen ýylyň dowamynda Mejlisde birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly duşuşyklar geçirildi. Mejlisde ýurdumyza sapar bilen gelýän ýokary derejedäki myhmanlaryň hem köp sanlysy kabul edildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy.
Dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde geçen ýyl «Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 48-si bilen iki taraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär.
Her ýyl bolşy ýaly, 2023-nji ýylda hem döwlet wekiliýetiniň düzüminde Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 30-njy ýyllyk maslahatyna, Türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň agzalary Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparlaryny amala aşyrdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda 10-njy Newa halkara ekologiýa kongresine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna gatnaşdylar. Bu çärelerde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Bitarap Türkmenistan döwletimiziň oňyn başlangyçlary, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen halkara ýaşlar parlamentarizmi ulgamyny ösdürmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler topary döredildi. Toparyň esasy maksady ýaş parlamentarilerimiziň başlangyçlary üçin şert döretmekden, ýurduň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýeti kemala getirmekden, olaryň döredijilik, raýatlyk işjeňligini, şeýle hem ýaşlar parlamentarizmini ösdürmekden ybarat bolup durýar.
«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, adam hakyndaky aladanyň beýik nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda Mejlisiň halkara we parlamentara gatnaşyklaryny döwrebap şertlerde kämilleşdirmek, ösdürmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda hem netijeli, üstünlikli işlemäge ruhlandyrýar.
Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy