Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.01.2024

KANUNY DÖWLET

Uly üstünliklere, täze ösüş-özgerişlere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy häsiýetliligi bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şu ýylymyzyň hem ýokary ruhubelentlik bilen garşylanmagyna uly esas berdi. Biz - milli parlamentiň deputatlary häzirki wagtda halk köpçüliginiň arasynda bolup, döwlet syýasatymyzy, belent özgertmeleri, täze ýylymyzyň buýsançly şygarynyň mazmunyny wagyz etmek boýunça uly işleri alyp barýarys. Şeýle hem ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär, hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda kanunçylyk namalarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Mundan başga-da, öz saýlawçylarymyzyň arasynda bolup, olaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanýarys, tekliplerini, isleglerini öwrenýäris. Munuň özi ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanýan möhüm taslamalaryň ähmiýetini artdyrmaga uly ýardam berýär. 

Nesip bolsa, täze taryhy döwrümiziň buýsançly şygarly şu ýylynyň hem ýokary üstünliklere beslenjekdigini, olar babatda netijeli kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanjakdygyny we kabul ediljekdigini uly ynam bilen aýdasymyz gelýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň hem, Gahryman Arkadagymyzyň hem öňümizde goýýan belent wezipeleri hut şu işleriň düýp mazmuny bilen berk baglanyşyklydyr. 

Bize öz bilimimizi, tejribämizi gaýgyrman, netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwrebap kanunçylyk namalaryny taýýarlamakda beýik ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, 

welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.