Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
30.01.2024

NURANA ÝOLLARYŇ ŞAMÇYRAGY

 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rü­niň şan­ly wa­ka­la­ry­na bes­lenen Ar­ka­dag Ser­dar­ly bagty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň hem-de be­ýik mak­sat-tu­tum­lar bi­len gar­şy­la­nan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň sep­gi­din­de halky­myz, şol san­da ýaş ne­sil­ler üçin aja­ýyp ser­paý bol­dy.

Çuň we giň mazmunly bu kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda halk üçin halk bilen bilelikde amala aşyrylan beýik işler, şol işlere ýaşlaryň gatnaşygy beýan edilýär, şeýle hem bu işleriň geljekki belent sepgitler üçin badalgadygy nygtalýar. Şu jähetden, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitap taryhyň hut şeýle beýik işler bilen ýazylýandygyny nygtamakdan başlanýar. 

Hemmämiziň şaýat bolşumyz ýaly, täze taryhy eýýamyň her bir güni ykbal özgerdiji ajaýyp wakalar, döwletli tutumlar bilen keşdelenýär. Zähmetsöýer halkymyzyň abadan durmuşyna, berkarar Diýarymyzyň gülläp ösüşlerine gönükdirilen köpugurly taryhy işlerde ýaşlara ýokary ynam bildirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Bu barada döwlet Baştutanymyz özüniň ilkinji kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesilleriň düzýändigini, biziň olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýandygymyzy yzygiderli nygtaýarys. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek hem, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr». 

Hut şonuň üçin-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze kitapdaky: «Döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygy aýdyň hakykat. Bu ýyla gelýänçäk ýaşlaryň tutuş geljegi syýasy, ykdysady, medeni we beýleki möhüm nukdaýnazarlardan ilik-düwme öwrenilip, ädimme-ädim kesgitlenilip, onuň hukuk binýady berkidildi» diýen setirler muny aňryýany bilen tassyklaýan bolsa gerek. 

Bu jümleleriň çuňňur mazmunyndan görnüşi ýaly, nesilleriň sazlaşykly ösüşi babatda halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleri döwrüň möhüm talaplaryna laýyklykda mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. Netijede, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň milli ruhumyza kybap edep-terbiýe, halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim, ylym almaklary, hünär öwrenmekleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Şunuň ýaly şertlerdir mümkinçiliklere eýe bolýan ýaşlar üçin beýik işlere çakylyk bolup ýaňlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döredijiligiň ylham çeşmesine öwrüldi. Şygarynda uly güýji, özem hereketlendiriji, dörediji güýji jemlän bu ýylda bagtyýar ýaşlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşdular. 

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri okanyňda, bu kitabyň diňe bir edilen işleriň, ýetilen sepgitleriň, geçilen menzilleriň seljermesi däldigine magat göz ýetirýärsiň we onuň indiki geçilmeli nurana ýollara şamçyragdygyna buýsanýarsyň. Çünki bu kitap Watana, halka hyzmat etmegi ykbaly saýýan nesilleri terbiýelemekde pederleriň kämillik mekdebini geçen döwletlilik ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna tassyknamadyr. 

Biz — ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze-täze üstünliklerine ruhlandyryp, hemişelik ýol görkeziji şamçyraga we edep mekdebine öwrüljek şeýle ajaýyp eseri serpaý eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini dowamata ýetirmekde ýaş nesillere uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bagtyýarlygyna gönükdirilen taryhy tutumlary elmydama üstünliklere beslensin!

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.