Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.02.2024

YNSAN KALBYNYŇ RUHY LUKMANY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bizi täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrdy. Ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berilýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky alada durýar. Türkmen halky ähli döwürlerde hem ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdir. Biz muňa Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanyşykly şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

Şahyryň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten edebi mirasynda ýaş nesli terbiýelemekde, olara edep-terbiýe bermekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar giňden beýan edilýär. Onuň goşgy setirlerindäki öwüt-ündewler bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyr il-güni, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Magtymguly Pyragynyň «Sözläbilseň ýagşy sözle, //Halk ýamanyň bizarydyr» diýen setirlerinde halkymyzyň ýagşy sözli bolmak medeniýeti ör-boýuna galýar. Beýik söz ussady iliniň sowulmaz ýaza ulaşmagyny, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny ündeýär, mertligi, edermenligi, Watan mukaddesligini wasp edýär. 

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr» diýip belläp geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldara uly hormat-sarpa goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä boýunça dabaraly bellenip geçiljek şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Goý, agzybir halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary has-da rowaç bolsun! 

 

Tuwakgylyç Weli­ýew, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.