Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirip, şugla saçýan ýagty ertirleriň eýeleri hökmünde garaýar. Döwletimizde ýaşlar syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenip, ýaşlaryň ruhy ahlak, aň - paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösmegine ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.
Şu ýylyň 10-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanandygyna uzak wagt geçmänkä, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzümi bolan ÝUNESKO-dan hoş habaryň gelip gowuşmagy örän buýsandyryjy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütin dünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilendigi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny ýerine ýetirmekde möhüm ädimi boldy. Häzirki wagtda Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmakda, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmekde netijeli işleri alyp barýar. Ine, indi bolsa türkmen ýaşlary üçin ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna gatnaşmaga we öwrenmäge, dünýä çykmaga giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze işlenip taýýarlanan meýilnamasy hereket edýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde ähmiýetli işleri alyp barýar. Sanawyň esasy maksady täsin maddy we maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň Bütin dünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyz boýunça 1999-njy ýylda Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küşt depdi milli dessury, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halyçylyk sungaty goşulýar. Mundan başga-da, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri we molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly milli gymmatlyklarymyz sanawdan orun aldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy. Umumy bilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy. Şundan ugur alsak, ÝUNESKO bilen türkmen ýaşlarynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň badalga alandygyny görmek bolýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütin dünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi bilen dünýä çykmak we dünýä medeniýeti bilen tanyşmak mümkinçiliginiň döremegi biz – ýaşlarda uly buýsanç döredýär.
2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Arkadagly Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda ýaşlar syýasatyny ösdürmäge uly üns berjekdigini aýratyn belläp geçdi. Bu ugur döwletimiziň strategik ugry hökmünde barha ösdürilýär. Bu günki gün belent maksatlaryň we wezipeleriň taryhy ýylymyzyň adynda berkidilmegi onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrýar.
Biz – ýaşlar üçin uly aladalar edýän, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.
Ýakup ATABAÝEW,
TMÝG-niň Ruhubelent etrap geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.