Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen işlerde, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanylýar.
Daşary syýasat, munuň özi halkara giňişliginde döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen syýasatdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri bolan hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty esasynda ähli döwletler bilen hoşniýetli dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da kämilleşdirmäge, ylym-bilim ulgamynda tejribeleri alyşmaga oňyn itergi berýär. Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň, açyk hem-de dostlukly ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, ygtybarly tarap hökmünde uly abraýa, ynama eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ýörelgeleri iş ýüzünde hil we mazmun taýdan baýlaşmak bilen bilelikde, sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli we netijeli guralynyň binýatlyk esaslary bolup hyzmat edýär.
Döwletimizde geçirilýän köp sanly duşuşyklar, sergiler, daşary ýurt döwletleriniň wekilleri bilen işewür gatnaşyklar, bilelikdäki medeni çäreler Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen işjeň giňelýän halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmakda hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri sazlaşykly işiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň parahatçylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmeginde esasy wezipe daşary syýasat ulgamynda öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz amala aşyrmakdan ybaratdyr. Häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklary ulgamynda döreýän ýagdaýlary syýasy çemeleşmeler we gepleşikler arkaly çözmegiň tarapdary bolan Türkmenistan deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak bilen birlikde, netijeli diplomatik gurallary işe girizýär. Halkara hukugyna eýermek, deňhukukly we özara bähbitli syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer hem-de beýleki gatnaşyklary alyp barmak bilen, Türkmenistan hem daşary syýasatynda döwlet özygtyýarlylygyny gorap saklamak we berkitmek, onuň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýetini hem-de tutýan ornuny ösdürmek, ýurduň içerki ösüşi üçin iň ýokary amatly daşary syýasy şertleri döretmek ýaly wezipeleri amala aşyrýar.
Güneşli Diýarymyzda her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplary bildirmek bilen, onuň döwrebap kämilleşmegi we netijeliliginiň artdyrylmagy, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleri goramak ukybynyň birkemsiz üpjün bolmagy, düýpli ylmy-tejribe binýadynyň döredilmegi we bu esasda ussat hünärmenleriň mynasyp nesliniň taýýarlanylmagy baradaky meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň paýyna düşýär.
Döwletimiziň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna ynamly goşulyşmagy dünýäniň döwletleri bilen giň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek arkaly amala aşyrylýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi hem halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ýurdumyzyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.
Umumydöwlet işlerini dolandyrmakda we döwlet syýasatyny häzirki zamanyň syýasy, ykdysady, durmuş ýagdaýlaryna laýyklykda netijeli ýola goýmakda ýetilen sepgitler Türkmenistanda jogapkärli çemeleşmeleriň we tejribäniň kemala gelendigini ykrar edýär. Şeýle hem biziň ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolmakda, halkara gatnaşyklaryň kadalarynyň we ýörelgeleriniň hemmelere bähbitli ýola goýulmagyny gazanmakda ygtybarly hyzmatdaş derejesine eýedigi hemmelere mälimdir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda we onlarça döwletleriň awtordaş hökmünde gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dürli ýyllarda Rezolýusiýalaryň birnäçesini kabul etdi. Muňa mysal hökmünde 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmäge, ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli syýasy gepleşikleriň esasynda ynsanperwer meselelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmekdäki orny barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ulag ulgamyny halkara ulag hyzmatdaşlygyna işjeň goşmak, üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, döwletimizde ekologik ulaglaryň ulanylyşyny artdyrmak, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümlerini ösdürmek barada dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde dowam etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine gitmegi hem-de birnäçe taryhy ylalaşyklara gol çekilmegi ýurdumyzyň ulag pudagynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini görkezýär.
Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara bileleşiginiň ynsanperwer tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygynyň ýene bir aýdyň mysaly bolup durýar we döwletimiziň sebitde hem-de dünýäde parahatçylyk söýüjilikli başlangyjynyň goldanylýandygyny tassyklaýar.
Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen adamzady gyzyklandyrýan umumy meseleleri çözmek işlerine mynasyp goşant goşýar. BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen durmuşa geçirilýän meýilnamalar ynsanperwer ýörelgelere esaslanmak bilen, adamlaryň kanun esasynda kepillendirilen hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar we kadalaşdyryjy hukuk namalary häzirki döwürde özüniň oňyn netijelerini berýär. Adam bähbidinden ugur alýan hukuk ulgamy we guramaçylyk çäreleri halkara bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolmak bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegi sazlaşdyrýar.
Türkmen halkyny eşretli, asuda durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ýokary üstünlikler bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Çemen REJEPOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy