Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Çagalar biziň durmuşymyzyň güli, ömrümiziň dowamatydyr. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri bolsa biziň öňde goýýan iň esasy maksatlarymyzyň biridir. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň asuda durmuşda ýaşamagy babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda çagalaryň bilim almagyna, terbiýelenmegine gönükdirilen işler sanardan köp. Açylyp ulanmaga berilýän çagalar baglary, orta mekdepler dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Çagalarymyzyň kadaly dynç almaklary üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle hem Awazada we Gökderede çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlan. Olarda çagalar öz saglygyny berkidip, şadyýan dynç alýarlar.
Gün, howa, suw çagalaryň bedenini taplamakda, saglygyny berkitmekde tebigatyň beren iň peýdaly dermanlarydyr. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çagalary tapgyrma-tapgyr arassa howada, suwda taplamaga degişli çäreler geçirilýär. Ýylyň dowamynda däl, hatda bir gije-gündiziň dowamynda hem howanyň derejesi üýtgäp durýar. Howanyň şeýle üýtgäp durmagyna çaganyň bedenini öwrenişdirmek onuň jan saglygyna örän peýdaly, şonuň üçin hem howadan, Gün şöhlesinden, suwdan hökman peýdalanmaly. Arassa howada çaga näçe köp gezelenç etse, onuň beden saglygy oňat, işdäsi açyk, ukusy kadaly bolýar. Çaganyň 3 ýaşdan 6 ýaşa çenli howanyň sowuk ýagdaýynda-da arassa howadan dem almagy örän zerurdyr. Gün bilen taplama çaganyň ýaşaýşynda beden saglygy üçin uly ähmiýete eýedir. Gün şöhlesi çaganyň bedenine köp peýda getirýär. Bellenen wagtlarda çagalary Günüň aşagynda gezelenç etdirmek olaryň bedeninde D witamininiň emele gelmegine ýardam edýär. Bu witamin bolsa çaganyň ösüşinde uly ähmiýetli bolmak bilen, onuň ukusynyň we işdäsiniň gowy, süňkleriniň berk bolmagyna peýdasy bar. Suw bilen taplamak çagalaryň sagdyn ösmegi üçin möhüm bolup durýar. Açyk howada suwa düşmek çagalaryň iň bir höwes edýän zatlarynyň biridir. Munuň özi ganyň aýlanyşyna uly täsir edýär. Açyk howada suwa düşmek bilen bir wagtyň özünde, howa, Gün hem-de suw çaganyň bedenine gowy täsir edýär.
Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine gönükdirilen kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi hereket edýär. Bu kanunlar we kodeksler çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Enejan AMANÝAZOWA,
Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň
müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty