Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.02.2024

GÖZELLIK DÖREDÝÄN MENZILLER

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasata ýugrulan durmuş-ykdysady syýasatynyň saýasynda milli medeniýet ulgamy hem ösüşlere eýe bolýar. Ähli pudaklar we ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamyna-da aýratyn üns berilýär. 

2023-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda, uly üstünliklere beslenip geçdi. Geçen ýylyň tutuş dowamynda geçirilen çärelerde medeniýet, sungat ulgamyna uly orun degişli boldy. Milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan dürli derejedäki çärelerdir dabaralaryň diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem geçirilendigi medeniýetiň halkara gatnaşyklardaky ornunyň barha artýandygyny görkezýär. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýurdumyzda ähli ulgamlarda ýetilen sepgitler, durmuşa geçirilen işler dogrusynda aýdylanlar her bir ildeşimiziň buýsanjyna buýsanç goşdy. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berlişi ýaly, geçen ýylda milli senenamamyzyň şanly seneleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, Arkadag şäheriniň açylmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Olaryň hatarynda halkara derejeli çäreleriň uly toplumynyň bolmagy has-da guwandyrýar. Çünki «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata, «Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwalyna, «Arkadagyň säheri» kinofestiwalyna, Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsert-festiwalyna, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalyna, Wena balyna, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine we beýleki çärelere gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjeginden gelen myhmanlaryň bu topragyň yssysyny, milli gymmatlyklarymyzyň jadylaýjy täsirini özleri bilen alyp gitmekleriniň özi-de dost-doganlyk syýasatymyzyň rowaçlanmagyndaky şowly gadamlardyr. 

Bagtyýar zamanamyzyň ýyl ýazgylaryna göz aýlanyňda, olaryň hersinde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden gymmatly eserlerine nazaryň düşýär. Bu babatda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda juwanlyga mahsus täzeçillik bar. Geçen ýylyň ahyrky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby elimize gowuşdy. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserini, şeýle-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitaby geçen ýyl halkymyz ýüzüne syldy. 

Ýylyň dowamynda medeni çäreleriň köp bolmagy ýurtda döredijilige, milli mirasa sarpa goýulýandygyny görkezýär. Paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeligi, uly dabaralara beslenen Eýran Yslam Respublikasynyň, Tatarystanyň, Türkiýäniň Medeniýet günleri, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, gadymy Änew şäheriniň türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreler... gözel Diýarymyzy toýhana öwürdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Rumyniýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistan Respublikasynda, ABŞ-nyň Albukerke şäherinde, Özbegistan Respublikasynda Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini bellemek bolar. 

Giňişleýin mejlisiň barşynda berlen hasabatlar Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, ýurdumyzyň teatrlarynyň, kitaphanalarynyň Garaşsyz Watanymyzyň ýürek urgusyna günübirin seslenýändiklerini ýene bir ýola äşgär etdi. Munuň özi dürli ulgamlarda, pudaklarda, dürli hünärlerde işleýän watandaşlarymyzyň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işlerine, öňdengörüjilikli başlangyçlaryna mynasyp goşant goşmagy bagt saýýandyklarynyň guwandyryjy subutnamasydyr. Şeýle buýsançly pikirler, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar» diýen sözleri şu ýylymyzyň-da durmuşymyzda gözellik döredýän üstünliklere, öňegidişliklere beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar. 

Goý, her bir günümizi toýdur baýramlara, ösüşli wakalara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy