Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.02.2024

MILLI DÖWLETLILIGIŇ WE HALK HÄKIMIÝETLILIGINIŇ ÝOLY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly belent maksatlar we beýik tutumlar bilen badalga aldy. Muňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň jemleri, olarda kabul edilen resminamalar we öňde goýlan wezipeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Berk hukuk binýatly döwletimizde parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna, ekologik abadançylyga aýratyn üns berlip, adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Onda kabul edilen döwlet ähmiýetli möhüm çözgütler halkyň bähbitlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerini nazarlaýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň esasynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, şunda adamlar üçin döredilýän şertleriň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. 

Türkmenistan geçmişi şöhratly, şu güni beýik we kuwwatly, geljegi berk binýatly döwlet. Bu beýik döwletde belent maksatlar, Watanyň, halkyň bähbidini araýan döwletli tutumlar durmuşa geçirilýär. Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler öňde täze maksatlary goýmak üçin esas bolup çykyş edýär. Beýik maksatlar we belent tutumlar bolsa döwletiň beýikdigini görkezýär. Şunda döwletiň kuwwatyny has-da artdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlenýär. Şol maksatlara ýetmegiň ýolunda döwlet tarapyndan gysga we uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga esas bolup durýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly okuw gollanmasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda başy başlanan düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary we bu işde bellenilen esasy maksatlar raýatlaryň girdejilerini artdyrmakdan, ilaty durmuş taýdan goramakdan, medeni-durmuş ulgamyny netijeli ösdürmekden, ýaşaýyş jaý üpjünçiliginden, daşky gurşawy goramakdan ybaratdyr. Bularyň ählisi sazlaşykly ýerine ýetirilende, ýurt ösýär, özgerýär, öňe gidýär. 

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde durýan wezipeleri, döwlet maksatlaryny nazarlaýan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda iri gurluşyk işlerini üstünlikli dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Uly möçberli, köp sanly taslamalary maliýeleşdirmek üçin ýeterlik serişdeleriň bolmagy döwletiň artýan maýa goýum mümkinçiliklerini görkezýär. Şeýle-de bu döwlet maksatnamasynda 2024-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ähli pudaklar boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Ýurdumyz boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Iň esasy zat bolsa, olary maliýeleşdirmegiň ygtybarly çeşmeleri anyk kesgitlendi. 

Şu ýerde bir zada aýratyn ünsi çekmeli. Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem öz çykyşlarynda, döwlete, halka dahylly belent maksatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan hem mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň düzüminde durmuş maksatly ulgama gönükdirilýän serişdeleriň 77,3 göterim bolmagy, ýagny olaryň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň köpeldilmegine, bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýändigi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyklykda, ilat üçin ýaşaýyş jaý-jemagat we ulag hyzmatlaryna iň pes bahalar kesgitlenendir. 

Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz kömege, howandarlyga mätäçlere goldaw-hemaýatlary bermek babatda döwletli işleri durmuşa geçirip, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezýärler. Şeýle adamlar döwlet tarapyndan aýratyn hemaýat-goldaw, mähir bilen gurşalýar. Ýurdumyzda raýatlaryň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine laýyklykda, döwlet kömek pullarynyň we maýyplara durmuş kömekleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy, maýyplaryň kömek pullarynyň möçberiniň köpeldilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda çaga doglanda, üç ýaşa çenli oňa ideg etmek üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy, ekleýjiniň bolmadyk halatynda hem döwlet tarapyndan kömek pullarynyň berilmegi, durmuşy kömek pullarynyň berilmegine bolan hukugyň göz öňünde tutulmagy ýaş nesiller, ýaş eneler, umuman, halkymyz hakyndaky aladalaryň aýdyň mysallarydyr.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň, aýratyn hem, çagalar üçin niýetlenen önümleriň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik ýola goýlan. Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi hem giňeldildi. 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň ilatynyň 2020-2025-nji ýyllarda sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnama» kabul edildi. Bu bolsa halkymyzyň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň saglygy hakyndaky aladalary döwletiň birjik-de ünsden düşürmeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny tassyklaýar we raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Eger islendik ýurtda özgertmeleri yzygiderli dowam etmek mümkinçiligi bar bolsa, onda ol ýurt güýçlüdir, kuwwatlydyr, onuň ösüş mümkinçilikleri bardyr, geljegi uludyr, ertire ynamy pugtadyr diýip aýdyp bolar. Ýurdumyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar. Türkmenistan özüniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini görkezip, ählumumy integrasiýa goşulyşýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda durnukly ösýän ýurtlaryň hataryna girýär.

 Milli Liderimiziň ýakynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, öňümizde belent wezipeler dur. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk başlangyçlaryna bolan hukugyny netijeli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine dahylly kanunçylygy kämilleşdirmek işlerini alyp barmagyň, degişli seljerme işlerini geçirmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunda bir zady aýratyn bellemeli. Kanunlaryň durmuşyň akymyna, ykballara oňyn täsiri bar. Olaryň ykbal çözüji häsiýeti bar. Kabul edilýän kanunlar ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbalyna, geljegine täsir edýär. Biziň ýurdumyzda hereket edýän kanunlar bilen döredilen şertler adamlary döredijilikli zähmete höweslendirmek üçin amatly hukuk giňişligini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklary esasynda, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, iş hem-de hukuk-bilermenler toparlarynyň döredilmegi, duşuşyklaryň geçirilmegi, ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenleriň bu işlere işjeň çekilmegi kanunçylyk işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. 

Mejlisde eden çykyşynda: «Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmek, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlaryny, ägirt uly aladalaryny kanunçylyk taýdan berkitmek möhüm soraglaryň biridir» diýmek bilen, Milli Liderimiz bu ugurda kanunçylyk işlerini mundan beýläkde kämilleşdirmek boýunça belent wezipeleri öňde goýdy. Gahryman Arkadagymyz bu babatda «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwrüň talabyna laýyk işlenip taýýarlanylmagynyň Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. 

Şeýle-de tassyklanan Meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerine taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça hem möhüm wezipeler öňde goýuldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, tabşyryklarynyň durmuşa geçirilişi barada soraglary işläp taýýarlamak, olary Prezidiumyòň mejlisiniň gün tertibine girizmek, gysga we uzak möhletleýin maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri hem-de tabşyryklary ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine ýokary derejede taýýarlyk görmek möhüm wezipeleriň hatarynda bellenilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sebitleýin ösüş meseleleri we wekilçilikli häkimiýetiň ýerli edaralaryna hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryna guramaçylyk-usuly taýdan kömek bermek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksadynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleri bilen welaýatlarda göçme maslahatlary geçirmek hem Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylda alyp barjak işleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi döwletiň ýerli edaralarynyň hem işjeň, özbaşdak, netijeli işlemegine döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini görkezýär.

 Ozaly bilen, sebitleri ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýy bilen yzygiderli gyzyklanmak, ýerlerde raýatlar, zähmetkeşler bilen duşuşmak, halka ýakyn bolmak, daýhanlaryň armasyny ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn ähmiýet berýän işleriniň hataryndadyr. Milli Liderimiz hemişe halka ýakyn bolup, «Halkyň ýoly — Hakyň ýoly» diýip, ykbalyny Watanyna, halkyna, milletine, onuň şu gününe we ertirine baglap, ýurtda uly işleri durmuşa geçirmek bilen, eziz Watanymyzy dünýä tanadan beýik şahsyýetdir. Gahryman Arkadagymyz döwletimizi beýgelden Liderdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýär. Ýurdumyzda döwletlilik höküm sürýär. Döwlet derejesinde halk üçin yhlas edilýär. Ähli ýerde, ähli işde il-ýurt barada edilýän çäksiz yhlasyň miwelerini görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde alyp barýan beýik işleri tutuş halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen resminamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Berkarar, asuda, bagtyýar döwrümizi, ösüşlerimizi, özgertmelerimizi wasp etmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan belent maksatlary we tutumlary wagyz etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzy beýgeldýän beýik başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy bu işlere ruhlandyrmak borjumyzdyr. 

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň ählisi bir maksada gulluk edýär. Olar halkymyzyň bagtyýarlygyny, asudalygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Galyberse-de, at-owazasy dünýä ýaýylan beýik şahyrymyz bilen bagly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny mynasyp dabaralandyrmakdan, onuň waspyny ýetirmekden, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmekden, kanunçylyk işini kämilleşdirip, döwletiň ösüşlerine, halkyň bagtly durmuşyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Men halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn» diýen belent ynamyndan ruhlanyp, ýurdumyzy mundan beýläk hem belent derejelere ýetirmek ugrundaky taryhy işlere, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekeris. Garaşsyz döwletimizi gülledýän, bagtyýar türkmen halkyny beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň 

iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty