Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.02.2024

TÜRKMEN –ÝAPON PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE SAHYPALARY

 

Türkmenistanyň daşary syýasatda alyp barýan meýilleri, başlangyçlary dünýä döwletleri bilen täze gatnaşyklary ýola goýmaga giň şert döredýär. Ýurdumyz dünýä arenasynda ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalarynyň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar.

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistan dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orun eýeleýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada Türkmenistanyň Ilçihanasy açyldy. Türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär. Biz muňa 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa– Ýaponiýa» hyzmatdaşlyk görnüşinde türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar hem, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 

Şu nukdaýnazardan ugur alyp 2024-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy hem-de deputatlary bilen geçirilen duşuşykda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, aýratynda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip bu ugurda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetde ösdürilýändigi bellenilip, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagyň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary we oňyn baha berilýändigi barada aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ilkinji eseri «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda gürrüň berildi. 

Şeýle hem, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlara bilim almaga, hünär öwrenmäge, işlemäge we durmuş goldawlaryny almaga döredilýän mümkinçilikler barada bellenildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu iş sapary döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmäge, kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.

 Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokary göterip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, nurana geljegi nazarlaýan tutumlary rowaç bolsun!

 

Enejan Ataýewa 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň agzasy.