Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalaryň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem döwletimiziň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Döwletimiz dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orun eýeleýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy. Türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär. Biz muňa 2022-nji ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogy görnüşinde türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, 2024-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy hem-de deputatlary bilen geçirilen duşuşykda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada pikir alşyldy. Şeýle hem Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, aýratynda, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip, bu ugurda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns berildi. Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetde ösdürilýändigi bellenilip, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagynyň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary baha berilýändigi buýsançly nygtaldy.
Ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalarynyň Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ilkinji eseri bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda gürrüň berildi.
Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda, ýaşlara bilim almaga, hünär öwrenmäge, işlemäge we durmuş goldawlaryny almaga döredilýän mümkinçilikler barada bellenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu iş sapary döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmäge, kanun çykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.
Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokary göterip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, nurana geljegi nazarlaýan tutumlary rowaç bolsun!
Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar
baradaky komitetiniň agzasy