Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
15.09.2023

GARAŞSYZLYK – JEBISLIGIŇ GÖZBAŞY

Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, halk hojalygynyň dürli ugurlaryndaky üstünlikleriniň, geosyýasatda eýe bolan ýokary abraýynyň gözbaşy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçe gezek wise-başlyklygyna saýlanylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylyp, degişli kararnamalar bilen berkidilmegi hem doly tassyklaýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýy halkymyz üçin iň mukaddes toýlaryň, naýbaşy baýramlaryň biridir. Bu baýram eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrýar. Merdana halkymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny we Döwlet tugrasyny döretdi. Şöhratly we gahrymançylykly taryhyny, asylly däp-dessurlaryny, milli mirasyny hem-de ynsanperwer ýörelgelerini dikeltdi. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Çünki mähriban Watanymyz Garaşsyzlygyny alandan soňra, görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, adamlaryň dünýägaraýşy hem düýpli özgerdi we täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. 

Garaşsyzlyk döwründe Watanymyz syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, bilimde, ylymda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we sportda ýokary sepgitlere eýe boldy. Ýurdumyz dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Döwletimiz ählumumy ykrar edilen ynsanperwer ýörelgelerden ugur alyp, sebit we dünýä döwletleri hem-de köp sanly abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, parahatçylyk arkaly durnukly ösmegiň nusgalyk ýoluny alyp barýar hem-de dürli halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen ulag, energetika, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň oňyn netijeleridir. 

Täze taryhy döwürde ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, döwletimizde dürli görnüşli önümler öndürilýär, importyň ornuny tutýan önümleri barha artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr logistik düzümi hem ýokary depginde ösdürilýär. Gaz geçirijileriň, gara we demir ýollaryň, deňiz hem-de howa menzilleriniň köpugurly ulgamy döredilip, gazy, nebiti gaýtadan işleýän önümçilikler, erkin ykdysady zolaklar kemala getirildi. Ýurdumyzyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Döwletimiz ykdysady ösüşiň dünýä görkezijisinde indi birnäçe ýyldan bäri öňdäki orunlary eýeleýär.

Ýurdumyzda döwrebap hem-de nusgalyk Arkadag şäheri, obalar, şäherçeler peýda boldy, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly desgalar guruldy. Şähergurluşyk we binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň guwanjy. Aşgabat – myhmansöýerligiň, parahatçylygyň, döredijiligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň mekany. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanýan döwlet syýasatyna berlen ýokary bahadyr. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmek, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun. 

 

Jennet ÖWEKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy