Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
14.03.2024

IRI PUDAGYŇ GADAMLARY

 

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gazanylmagyna örän uly üns berýändigi tötänden däldir. Çünki, elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi diňe bir halk hojalygymyzyň beýleki ugurlarynyň döwrebap ösdürilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuň şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar.

Täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde bu pudakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip, “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” üstünlikli amal edilendigini ýatlamak ýakymlydyr. Şu Konsepsiýanyň çäklerinde giň möçberli işleriň durmuşa geçirilmegi pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Energiýa çeşmesine barha ösýän islegi has doly kanagatlandyrmakda netijeli ädimler ädildi. Has takygy, bu resminama laýyklykda, gazturbinaly, utgaşykly dolandyrylýan täze elektrik stansiýalaryň birnäçesini, elektrik geçiriji ulgamlary hem-de paýlaýjy beketleri gurmakda geçen ýyllaryň içinde ägirt uly işler bitirildi. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatynyň täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryň hasabyna ýokarlandyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligine-de giň ýol açdy. 

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň öňde baryjy pudagy bolan elektroenergetika pudagynda amal edilýän özgertmeler institutymyzyň mugallymlaryna we talyplaryna bildirilýän talabam ýokarlandyrýar. Geljekki energetiklere kämil tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmagy öwretmekde has jogapkärli wezipeler öňe çykýar. Biz şol wezipelerden ugur alyp, ýokary taýýarlykly ýaş energetikleri ýetişdirmekde ähli tagallalary edýäris. Şu bähbitli tagallalarymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da üstünliklere beslenýär. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.