Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Nowruz baýramyny bellemek öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, indi ençeme asyrlardan bäri uludan bellenilip gelinýär. Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip belleýşi ýaly, Nowruzda tebigatda hakyky janlanyş başlanýar. Täzeçilligi buşlaýan bu baýram ynsan kalbyny janlandyrýar, ruhuny göterýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhyň ähli döwürlerinde-de bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Nowruzda semeni bişirilýändigini, başga-da birnäçe tagamlaryň dost-ýarlara, goňşulara paýlanýandygyny belläp geçeliň. Uludan saçak ýazmak halkymyzda iň sogap işleriň biri hasaplanyp, ol edebiýatda we halk döredijiliginde giňden wagyz edilipdir.
Halkara Nowruz güni—Milli bahar baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda keremli topragymyza rysgal berekedi bilen geldi. Eziz Diýarymyzyň boz meýdanlary, dag-düzleri, owadan ýaýlalary, sahawatly Garagum sährasy ýaz paslynyň täsin gözelliklerine beslendi. Ynsan kalbyny ýagşy niýetlerden doldurýan bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde bellenilýän Nowruz baýramynyň şatlygy agzybir halkymyzyň göwnüni göterip, has-da joşdurýar. Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary agzybir halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, berkarar döwletimiziň rowaçlygynyň, özgerişleriniň ajaýyp owazy bolup dünýä dolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag,başlary dik bolup,il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.