Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.03.2024

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni belent maksatlara we beýik tutumlara alyp barýar. Berk hukuk binýatly döwletimizde halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe haky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygarynyň esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. 

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynda geçiren giňişleýin mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Maksatnama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze önümçilik kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. 

Şol mejlisde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 -2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada Karara gol çekdi. Bu bolsa, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçilere we daýhanlara berýän goldawynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Biz hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bolup, milli kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini halkyň arasynda wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.