Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Häzirki çalt depginler bilen ösýän, ylmyň, tejribäniň hem-de täzeçillikleriň biziň dünýämize çalt ornaşýan döwründe zenanlaryň eýeleýän mynasyp orny durmuşyň islendik ugrunda aýdyň görünýär. Hususan-da, syýasy giňişlikde zenanlar ukyp-başarnyklary bilen özleriniň işjeňligini görkezýärler. Bu bolsa jemgyýetde aýal-gyzlaryň zähmetine, bilimine hem-de tejribesine uly ynam bildirilýändiginiň, ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde zenanlaryň syýasy-hukuk derejesi erkek adamlar bilen deňdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýörelge, ozaly bilen, müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň zenany söýmek, olary hormatlamak düşünjesi bilen gabat gelse, ýene bir tarapdan, zenanyň öz el hünäri, ussatlygy, zehini, gaýratlylygy bilen gazanan derejesidir, öz-özüni ykrar etdirmesidir. Şonuň üçin hem täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklaryny, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda aýallaryň erkekler bilen deň hukuklaryny üpjün etmekde hem-de goramakda amala aşyrylýan giň gerimli işler zenanlara goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär.
Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň aýal-gyzlaryň, çagalaryň hukuklaryny goramak barada kabul edilen resminamalaryna goşulmak bilen, zenanlaryň gender deňligini ýokarlandyrmak we ösdürmek, bu ugurda ähli mümkinçilikleri peýdalanmak meseleleriniň düzümine hem goşuldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi aýratyn ähmiýetli bolmak bilen, ol biziň döwletimizde zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyna we syýasy gurşawa gatnaşmagy üçin döredilýän şertleriň ygtybarlylygyny üpjün edýär.
Bu günki gün türkmen zenanlary kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarda, daşary syýasat ugurlarynda ýokary işjeňlik görkezýärler. Türkmenistanyň Mejlisine saýlanan 125 deputatyň 32-siniň, ýagny 25,6 göteriminiň zenanlardygyny bellemek ýerliklidir. Ýerli halk maslahatlarynyň, geňeşlikleriň agzalarynyň, takmynan, ýarysynyň zenanlardan ybarat bolmagy hem biziň aýdanlarymyza aýdyň güwä geçýär.
Döwlet edaralarynyň işjeň zenanlary, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, guramalaryň, birleşmeleriň wekilleri, Mejlisiň deputatlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmekde, milliligimizi wagyz etmekde, gender deňliginiň üpjün edilmeginde, gender deňliginiň hukuk esasyny giňeltmekde täze kanunçylyk namalaryny işläp düzmekde yhlasly zähmet çekýärler.
Zenanlaryň zähmetine aýratyn bil baglaýan, ýokary baha berýän, olaryň döwlet goraglylygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty