Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen mukaddes ojaklaryň eýesi bolan mähriban enelerimiziň mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi, şeýle hem olaryň hukuklaryny we bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Enä, zenana hormat goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby nusgalyk ýörelge bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde çuňňur many bar: «Ene — ynsanyň kemala gelmegi üçin ýaradylan beýiklik. Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar». Mähriban Arkadagymyzyň kämil eserinde beýan tapan bu ajaýyp pikirler, ynsan üçin iň eziz bolan ene mukaddesligini Arşa göterýär.
Zenanlar häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, olaryň aladaçyl eneler, wepaly ýan ýoldaş, mähirli uýalar, gyzlar hem-de maşgala ojagynyň eýesidigini bellemek gerek.
Türkmenistan döwletimiziň milli senenamasynda mynasyp orun alan Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Bahar paslyna meňzedilýän zenanlarymyzyň baýramynyň baharyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özünde uly many bar. Halkara derejede giňden bellenilýän 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara pul sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi körpeje gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň aýratyn alada bilen gurşalyp, olara uly hormat goýulýandygyndan nyşandyr.
Ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda mukaddeslige deňelýän ene mähremligine aýratyn hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýup, 2008-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady döredildi.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edilenden bäri sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde bir wagtlaýyn baýrak tölenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda ýüzlerçe enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak barada hormatly Prezidentimiz Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden, olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige esaslanýan durmuş syýasaty halkymyzyň ähli toparlaryny gurşap alyp, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kanunçylyk binýadymyz ilatymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň berk hukuk esasy bolup hereket edýär. Sebäbi Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.
Döwletimiz tarapyndan zenanlara berilýän ýeňillikler, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän zerur şertler, kanuny kepillikler bagtyýar zenanlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ýurdumyzda durmuş taýdan goraglylygyň köp dürli görnüşleri zenanlara maşgala aladalaryny we hünär borçlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga, öý ojagyny saklaýjynyň wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaga, çagalary terbiýelemäge we ýurdumyzyň önümçilik hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga doly mümkinçilik berýär.
Döwletimiziň dürli pudaklarynda işjeň zähmet çekýän zenanlarymyzyň zähmetine döwletimizde ýokary baha berilýär. Munuň şeýledigini 2014-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem subut edýär. «Zenan kalby» ordeni bilen ýurdumyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan aýratyn goşandy, döwletimizde hereket edýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde aýratyn hyzmatlary, oba hojalygynda, senagatda, aragatnaşykda, lukmançylykda, bilim we ylym ulgamynda, medeniýeti, edebiýaty, sungaty, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri, aýratynda, maşgala gymmatlyklaryny, eneligi we çagalygy goramak işinde gazanan üstünlikleri üçin zenanlaryň sylaglanýandygy kanun esasynda berkidilen. Kanun kabul edilenden bäri ýylyň-ýylyna zenanlarymyzyň zähmetine ýokary baha berlip, «Zenan kalby» ordeni bilen birnäçe zenanlarymyz sylaglanylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan eneligi we çagalygy goramaklygyň hukuk esaslaryny düzýän häzirki wagtda döwletimizde birnäçe kanunlar hereket edýär. Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksleri, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kanunçylyk namalaryny bellemek bolar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 125 deputatyndan 32-si, ýagny 26 göterimi zenanlardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetiň başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi, çagalygy goramak hem-de sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine aýratyn uly üns berilýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň kabul edilmegi döwletimizde sagdyn geljegiň berk binýadynyň döredilýändiginden nyşandyr. Biziň döwletimizde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde sagdyn maşgalanyň orny uludyr. Welaýatlarda hereket edýän «Ene mähri» merkezleriniň ählisi «Enä we çaga mähirli gatnaşyk» diýen halkara güwänamanyň eýesidir. Bu babatda alanymyzda hem maşgalanyň hemme taraplaýyn kämil bolmagynda zenanlaryň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Döwlet eýesi mähriban enelerimiziň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr».
Bahar Seýidowa,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň başlygy