Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.04.2024

TELEKEÇILIK YKDYSADYÝETIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

Türk­me­nis­tan­da bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. 2024-nji ýylda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, sebitleriň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, maýa goýumlaryň netijeliligini, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň, hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, kiçi hem orta telekeçiligiň işini ilerletmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. 

Maksatnamada daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly, ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna seredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlary köpeltmek, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. 

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmaga, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we hyzmatlar böleginiň işini ilerletmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalarynyň, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak hakynda-da belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak maksady bilen, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek; döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak; Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly wezipeler öňde goýulýar. 2024-nji ýyl üçin degişli Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, hususy pudagyň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, zenanlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça-da amatly şertler döredilýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de maslahat guralyp, bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Geçen döwrüň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bolsa bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzalary bazar ykdysadyýetine esaslanýan giň gerimli özgertmeleri, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegi, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmegi, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmek arkaly, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy nazarlaýan döwletli tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we telekeçiler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.