Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.04.2024

ARKADAG ŞÄHERI — SPORT ŞÄHERI

Gözellik — gudrata eýe bolan täsin güýç. Arkadag şäheri barada-da gözelligiň nusgasy hökmünde gürrüň edip bolar. Bu şähere gadamyňy basyp, görkanalyk şalygynyň ýesirine öwrüleniňde, kalbyňy sansyz pikirler eýeläp alýar. Şonda: «Arkadag şäheri ajaýyp zamanamyzyň waspyny gözelligiň üsti bilen ýetirýän ajaýyp eser» diýen pikir seriňe dolýar. Çünki ol ýöne bir şäher däl, eýsem o başyndan bu başyna edil gyzykly kitap kimin okap gidip oturmaly ajaýyp eser. 

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti sagdyn adamlaryň kemala getirýändigi barada aýdanlary bu günki gün durmuşymyzyň keşbine öwrüldi. Sebäbi ähli başlangyçlarymyzyň özenini halkyň sagdyn durmuşyna gönükdirilen işler düzýär. Muňa ekologiýanyň goragynda amala aşyrylýan işleri-de mysal getirip bolar. Sagdyn durmuşyň bu Diýarda ýörelgä öwrülendiginiň nyşany bolup ady dünýä dolan Arkadag şäheri bu günki gün köňüllerde görkanalyk döretmek bilen bir hatarda sportuň üsti bilen bagt paýlaýar. Köpetdagyň eteginiň tämiz howasy, elektromobillerdir elektrobuslaryň hereket etmegi, bagy-bossanlyklar, iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin döredilen amatlyklar, döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary gözel Arkadagy sagdynlygyň mekanyna öwürdi.

 Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylhamyndan ýyldyrym tizliginde kemala gelen ajaýyp eserdir. Ol eseri synlamak üçin dünýäniň çar künjünden müňläp ynsan gadymy Ahalyň ertekilerdäki ýaly özgerişe eýe bolan künjeginde jemlendi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň, Sport merkeziniň (Suw sport toplumynyň) binalarynyň, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, häzirki zaman sport meýdançalarynyň gurulmagy ilatyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sport hem-de ylym bilen meşgullanmaklary üçin şertleri döredip, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerinde örän ähmiýetlidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport babatda durmuşa geçiren işleri dogrusynda söz açylanda, ilki bilen türkmeniň göz guwanjy bolan bedew atlarymyz ýada düşýär. Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri ahal teke bedewleri baradaky aladalary täze derejä çykardy. «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan kemal tapan Arkadag şäheri hem ahalteke bedewlerimize bolan söýginiň gülleýän mekanyna öwrüldi. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin Halkara ahal teke atçylyk sport toplumy bilen ýanaşyp oturan Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döwrebap binalaryna baryp görmek hem ýeterlik. Sebäbi ol ýerlerde bedewlere esewan bolmakda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň peýdalanylmagy göwün guşuňy ganatlandyrýar. Hut şonuň üçin-de gözelligi, döwrebaplygy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän Arkadag şäheri gysga wagtda halkara sport we medeni çäreleriň, dabaralaryň geçirilýän şäherine öwrüldi. «Arkadag» futbol toparynyň ady bolsa gysga wagtda dünýä janköýerlerine mälim boldy. Ýurdumyzyň futbol boýunça çempiony, şeýle-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlygyň çäginde hem ildeşlerimize şatlykly pursatlary bagyş etdi. Taýýarlyk döwründe BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren «Arkadag» topary Russiýanyň premer ligasynyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy, Sankt-Peterburgyň «Zeniti» bilen bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnamagy türkmen futbolynyň belent derejelere galýandygynyň buýsançly duýgusyny kalplarda doldurdy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň özeninde durmuşyň täsin sazlaşygy bar. Arkadag şäheri bolsa sportuň gülläp ösýän mekany hökmünde ady dünýä dolýan Garaşsyz Türkmenistanyň sport merkezi hökmünde halkymyzyň ykraryna eýe bolýar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.