Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
11.04.2024

DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGYNDA

 

Halkymyzda bag ekmek, idetmek sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Bag barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler köp. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky taryhy Kararyna laýyklykda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk ýazky bag ekmek dabarasy giňden geçirildi. Asylly däp ýurdumyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly belent maksatlara gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak, onuň baýlygyny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet hukuk ulgamymyzyň binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy arkaly bellenen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň tebigaty goramaga gönükdirilen 53-nji maddasynda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugynyň bardygy kepillendirilýär. Şeýle hem, döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilen daşky gurşawy goramak hakyndaky esasy ýörelgeler ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Döwletimiziň ekologiýa kanunçylygynda «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn orun tutýar. «Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipeleridir, ähli halkyň işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr» diýip bellenilen esasy wezipeler bu kanunyň guramaçylyk, ykdysady we terbiýeçilik ähmiýetini görkezýär. Ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygynyň esaslaryny düzýän kanunlar örän giň häsiýete eýedir. Olar ekologiýa hukugynyň çeşmeleri bolup çykyş edýärler. 

Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz tebigy gurşawy goramak boýunça halkara-hukuk resminamalarynyň we halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup çykyş edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ählumumy ekologik meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlarydyr çemeleşmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dünýä derejeli forumlarda öz beýanyny tapýar. Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary artdyrmak, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň geljekde has-da gülläp ösmegi üçin olary rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýär. Sagdynlygyň ýurdy bolan Watanymyzda tebigaty goramak bilen bagly meseleleriň toplumyny çözmek üçin hemme mümkinçilikler döredilendir. Türkmenistanyň her bir raýaty daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyzy aýap saklamaga şahsy goşandyny goşmalydyr. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.