Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Düzüminde 29 müňe golaý agzany birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. Ykdysadyýetiň hususy bölegini höweslendirmek we goldamak wezipesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini ösdürmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak ýaly ugurlarda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» telekeçilik ulgamyny mundan beýläkde ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek arkaly, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny 71,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet goldawynyň esasynda türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünliklerini 2023-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri hem subut edýär. Geçen ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniňki bolsa 106,7 göterime ýetdi.
Ykdysadyýetiň söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, mebelleriň, gurluşyk materiallarynyň, azyk önümleriniň, hojalyk harytlarynyň önümçiligi, halk senetçiligi ýaly ugurlarynda ýöriteleşen türkmen telekeçileri tarapyndan hödürlenilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşleri barha artyp, hili yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hiline, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi diňe bir importyň möçberini azaltmaga däl-de, eýsem, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň, ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendigini belläp, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmegi möhüm wezipe hasaplaýar.
Garaşsyz Watanymyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça özgertmeleriň amala aşyrylmagy, degişli ugurdaky kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine itergi berer.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.