Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen maddy we ruhy gymmatlyklary, ynanç-adatlary, däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň esasyny düzýär. Hemişe bolşy ýaly, watandaşlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mukaddes Remezan aýyny hem haýyr-sogaply işleriň sahawatyna, ýagşydan-ýagşy doga-dileglere beslediler. Mübärek aýyň dowamynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda täze Seýit Jemaleddin metjidiniň, şeýle-de mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan metjitleriň jemagata gapylaryny giňden açmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhy-ahlak kadalarymyzyň, dini we dünýewi ygtykatlarymyzyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde Esasy Kanunymyza hem-de “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, raýatlaryň din azatlygy we dine uýmak erkinligi kepillendirilip, dine garaýşyna garamazdan, her bir adama deň hukuklar berilýär. Munuň özi ýurdumyzda halkyň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmekde yslamyň taryhy ornunyň ykrar edilýändigine, beýleki dinleriň hormatlanýandygyna, dinara ylalaşygyň, dini sabyrlylygyň üpjün edilýändigine güwä geçýär.
Türkmen halky kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan milli ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, hemişe-de ruhy mukaddesliklere aýratyn sarpa goýup gelýär. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda türkmenleriň milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdygy, yslam dininiň bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidigi, onuň adamlary halallyk, ynsanperwerlik, akýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda ähmiýetiniň uludygy baradaky garaýyşlaryny beýan edýär. Milli Liderimiz bu gymmatlyklaryň ýokary aň-düşünjeli, ruhy hem ahlak taýdan ösen, sagdyn pikirli, sagdyn bedenli şahsyýetleri terbiýelemekdäki hyzmaty hakynda yzygiderli nygtaýar. Çünki milli ýörelgeler milleti birleşdirýän, jebisleşdirýän uly güýçdür. Türkmen halkynyň milli ýörelgelerine ygrarlylygyň Gahryman Arkadagymyzyň şahsyýetinde öz beýanyny tapýandygy bolsa örän buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki döwürde şol ýörelgeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki täze metjidiň açylyşynda sözlän sözünde hajy Arkadagymyz: «Nesip bolsa, ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şunuň ýaly täze metjitler açylyp, olarda ýagşy doga-dilegler ediler» diýip, halkymyzy hoş habar bilen begendirdi. Sahawatly Gadyr gijesinde bolsa Balkanabat şäheriniň Hazar, Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent, Hojambaz etrabynyň Döwletli, Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçelerinde gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze metjitler ulanmaga berildi. Olarda berlen agzaçar sadakalarynda agzybirligimiz we jebisligimiz, abadançylygymyz, bagtyýarlygymyz üçin doga-dilegler edildi. Şeýle haýyr-sogaply işler hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ajaýyp miweleri bolup, halkymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna, ruhy dünýäsine uly hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň agzasy.