Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Häzirki täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlygyň binýadyndaky esasy gymmatlyklaryň hatarynda halkymyzyň we Watanymyzyň birligi durýar. Halk özboluşly hereketlendiriji güýç hökmünde jemgyýetiň taryhyny goldap, onuň gönezligini şu güne ýetirip, täze döwrüň ösüş aýratynlyklary bilen baýlaşdyrýar. Halk öz tutanýerli zähmeti, egsilmez hyjuwy bilen jemgyýeti, şeýle hem döwleti kämilleşdirýär.
Bilşimiz ýaly, «Geňeşli il - ýeňişli il» diýen pähim bar, ine, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alnyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklarynda iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy - «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 1-nji maddasy Halk Maslahatyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara hökmünde kesgitledi. Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda halk bilen häkimiýetiň arasyndaky köpri, döwlet dolandyryşynyň ygtybarly guraly hökmünde dürli gurluşda hereket edip geldi. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary halkara we milli tejribä laýyklykda sazlaşykly beýan edildi hem-de ata-babalarymyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini geňeşip çözmek tejribesine eýermek bilen taryhy köklerimize daýanyldy. Konstitusion kanunda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň baş maksadyna hem-de esasy wezipelerine döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini berkitmek hem-de döwletimiziň täze taryhy döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine we has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermegiň degişli bolup durýandygy kesgitlenildi.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli döwlet gurluşynyň däpleýin sütünlerini kämilleşdirmekde, döwletimiziň, jemgyýetimiziň bähbitlerine halk häkimiýetini täze derejelere çykarmakda hem-de milli demokratik institutlar ulgamyny has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şahsyýet döwlet hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açdy. Halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr, döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň beýanydyr.
Biziň döwrümiz - taryha daýanyp, geljegiň giň gözýetimleriniň açylýan zamanasy. Ata Watanymyz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap batly depginde öňe barýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda iýul aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň möhüm ähmiýete eýe bolandygy aýratyn bellärliklidir. Bu döwletli mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly öňe süren başlangyçlary demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrmak bilen, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezidiumyň mejlisinde döwrüň talaplary bilen baglanyşykly ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ileri tutulýan wezipeler hakynda durup geçdi we döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan özgertmeler syýasatyny amala aşyrmaga ýardam bermekde esasy çärelere ünsi çekdi.
Bu gün her bir adamyň, bütin halkymyzyň öňünde bir maksat, ýagny ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, raýatlaryň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Bütin halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Halk Maslahaty halkyň jebisliginiň möhüm instituty bolup durýar. Adamlaryň döredijilik we gurujylyk kuwwatynyň ýokarlanmagynda Halk Maslahatyna uly orun degişlidir.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýäris! Döwletli maslahat oň bolsun! Ata Watanymyzda demokratiýany ösdürmekde, hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky
komitetiniň agzasy.