Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.04.2024

TUTANÝERLI ZÄHMET ÝEŇŞE ÝETIRÝÄR

 

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ygtybarly ösdürilmegine itergi berýär. Üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriň belent basgançaklaryna çykmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Önümçilik kuwwatlyklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary görkezijileriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. 

Garagum pagta arassalaýjy kärhanamyzda-da işler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda guralýar. Kärhanamyzda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň päk zähmetinden kemala gelýän “ak altyny” gaýtadan işlemekde uly işler bitirilip, şu işleriň sazlaşykly guralmagynda ýetişdirilýän pagta hasylyndan gymmatly çig mal bolan süýüm almakda, onuň hiliniň ýokary bolmagyna gowy görkezijiler gazanylýar. Ýokary hilli pagta süýümi bolsa ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynyň öndürijilikli işini üpjün edýär. Has takygy, pagta arassalaýjy kärhanalarda öndürilýän süýümden alynýan ýüplükler öňdebaryjy tehnologiýaly egirme-dokma fabriklerimizde ýokary hilli we bäsleşige ukyply taýýar önümleriň öndürilişini kepillendirýär. 

Kärhanamyzyň bölümlerinde önümçiligiň tehnologiki düzgün-nyzamynyň talaplary berk berjaý edilýär. Önümiň hiliniň ýokary talaplara laýyklygy üpjün edilýär. Kärhanamyzda üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýaz ekişine tohumçylyk gowaça çigidini taýýarlamakda uly işleri bitirildi. 

Pagta arassalaýjy kärhanamyzyň zähmetsöýer işçileri beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek ýyly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýärler. Tutanýerli zähmet bolsa, ýeňşe ýetirýär. 

 

Kerwen ZYRRYÝEW. 

Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki

 howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.