Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem uludan bellenip geçildi. Welaýat derejesindäki esasy dabara Bäherden etrabynyň Börme obasynyň golaýynda — tebigatyň gözel ýerinde ýaýbaňlandyryldy. Oňa köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdy.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlarda, milli ruha beslenen tans-halk döredijilik çykyşlarynda gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň waspy joşgunly beýanyny tapdy.
Dutarçy we gyjakçy bagşylaryň joşup aýdym aýtmagy, at üstündäki jigitleriň ajaýyp tomaşalary bilen dabara bezeg bermegi, toý gazanlarynyň atarylmagy hem-de ol ýerde taýýarlanan milli tagamlardan toýçy märekä hödür-kerem edilmegi täze taryhy döwrümizde gadymy toý däplerimize birkemsiz eýerilýändigini alamatlandyrdy. Dabaranyň geçýän ýerinde körpe nesliň ýerine ýetirmeginde halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän milli çaga oýunlary boýunça şüweleňe orun berildi.
Tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolan behişdi bedewlerimiziň şanyna Ak bugdaý etrabynyň Guryhowdan ýaýlasynda, Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde, Sarahs etrabynyň Täze guýy ýaýlasynda degişlilikde «Rowaçly Watanymyzda sarpaň belentdir, bedewim!», «Türkmen halkynyň milli buýsanjy — zamanaň guwanjy türkmen bedewi», «Behişdi bedew — türkmeniň buýsanjy» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabaralary hem ýakymly duýgulary bilen ýatda galdy.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň başlygy.