Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny öwreniji alymlar, mirasgärler, ýazyjylar, heýkeltaraşlar, suratkeşler, bagşy-sazandalar... söz ussadynyň diňe özüni däl, eýsem, döredijiligini hem dünýä tanatdylar. Muňa Magtymguly Pyragynyň Berdi Kerbabaýew tarapyndan redaktirlenen ilkinji goşgular ýygyndysy, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň akyldaryň «Pukaraýam» atly goşgusyna döreden romansy,Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewiň surata düşüren «Magtymguly» atly çeper filmi, halypa ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň goşgy bilen ýazan «Magtymguly» atly dramasynyň Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow tarapyndan ilkinji gezek sahnalaşdyrylmagy,Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň ilkinji bolup, «Magtymgulynyň ýadygärligine» atly simfoniýasynyň döredilmegi mysal bolup biler. Pyragynyň şygyrlaryny saza salyp, il-günümize ýaýmakda goşant goşan ussatlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowdyr.
Garry atam Sahy Jepbarow Ahal bagşyçylyk ýolunda ilkinjileriň biri bolup, halk aýdymlarymyzyň düzümine täzelikleri girizipdir. Ozallar diňe saz hökmünde çalnyp gelnen «Gyzylinjik», «Gyzyl börük», «Şirin-şeker», «Ýusup owgan» ýaly dutar sazlarynyň heňine bagşy «Oýan», «Düşdi nazarym», «Ogulbike», «Bu gün» ýaly uly meşhurlyk gazanan aýdymlary döredipdir. Şeýlelikde, täze bir ymtylyşa gadam basan Sahy Jepbarow halypa şahyrlaryň goşgularyna aýdymlary döredip başlapdyr. Beýik Magtymgulynyň şygyrlary jadyly sazyň syrly mukamlarynda heňe gelmek bilen, Sahy Jepbarowyň ýerine ýetirmeginde aýdym bolup döräpdir. «Ýusup owgan», «Tapmadym», «Ýarahym», «Ýandym», «Kyýamat perdesi», «Saparmämmet», «Pelek ömrüm », «Ýow bagşy», «Hatyrjeň», «Nowgül» ýaly onlarça halk sazlarynyň gymmaty has-da artypdyr. Oňa Sahy Jepbarow tarapyndan akyldar şahyr Magtymgulynyň döreden ajaýyp şygyrlarynyň şol sazlara salnyp aýdym edilmegi sebäp bolupdyr. Muňa «Bu gün»,«Är ýanynda bellidir», «Gözelsen», «Görüner», «Pygan eglenmez», «Ykbal bolmady», «Daş döker», «Jem bolup» ýaly ençeme goşgular delil bolup biler.
Sahyberdi JAFAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.