Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ata Watanymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bellenilýär. Ýurdumyzda bu urşa gatnaşan weteranlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly sarpa goýulýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. Taryha ýüzlenenimizde, XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalaryna çuňňur aralaşýarys. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şol ýyllarda urşa gatnaşan ildeşlerimiz agyr synaglara döz gelip, Beýik Ýeňiş üçin batyrgaý söweşdiler, tylda zähmet çekenler bolsa uly edermenlik görkezdiler. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.
Adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we olaryň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirildi.
Ýeňiş güni — ynsanyýetiň parahatçylyk söýüjilik, dostluk baradaky duýgy-düşünjelerini has-da rowaçlandyrýan, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýeleýän senedir. Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan uly sarpa bolsa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.
Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzda milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanymyzyň edermen gerçeklerine hormatyň nyşany hökmünde gül desseleri goýulýar. Biz şol gün ähli doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryna mertlik bilen döz gelen Watan gerçeklerimizi ýatlaýarys. Şu mynasybetli watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan dabaralar geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi uruş weteranlaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly ýitgi getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi. Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Sahyberdi JEPBAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.