Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.09.2023

BÄHBITLI IŞLERIŇ SUBUTNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Halkyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin düýpli aladalar edilýär. Şeýle beýik maksatlar göz öňünde tutulyp, ata-babalarymyzyň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, ýylyň ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizilip, onda il-ýurt bähbitli kararlar kabul edilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Esasy Kanunymyza laýyklykda, hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, döwürleriň we nesil dowamatynyň aýrylmaz özara baglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Merdana ata - babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzy agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen geçirilýän umumy milli bu forum geljekde türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşyny üpjün eder. 

Arkadagly Serdarymyz ýurt başyna geçen gününden “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp jümleleri ýöne ýerden öňe sürlen däldir. Bu ajaýyp setirler döwletiň gülläp ösmeginde halkyň goşandynyň uludygyny, halkymyz agzybir bolup, beýik işlere baş goşsa, döwletiň abraý-mertebesiniň artjakdygyny alamatlandyrýar. Şu günler ýene az wagtdan geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň baýramyna uly taýýarlyk görülýändigini, umumy milli forumda il-ýurt bähbitli Kararlaryň kabul ediljekdigini aýratyn bellemek gerek. Biz hem öz gezegimizde ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandymyzy goşup, halkyň bähbidi üçin gönükdirilen uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy üçin jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

 

 Allamyrat GURBANMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty