Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän meseleler bilen bir hatarda geljekde milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmeklige, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.
Şuňa laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna muwapyk, döwrümiziň döredijilik ruhuna mynasyp işler amala aşyrylýar. Binýady berkden tutulan tutumlar, başyna barlan asylly işler we ýetilen belent sepgitler giň gerimliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Muňa anyk mysal hökmünde: şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurlup, ulanylmaga berlen köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap sement zawodynyň, «Şir ýag» haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglary öndürýän hususy kärhananyň, şeýle-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän 300 orunlyk metjidiň eçilýän eşret-höziri häzirki günlerde ildeşlerimiziň bagtyýarlygyna bagtyýarlyk gatýar, galkynyşdan ganatlanan döwrümiziň ösüşine ösüş goşýar. Häzirki günlerde welaýat merkezimizde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 100-den gowragynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy bolsa ykdysady taýdan kuwwatly ýurdumyzyň gurujylyk güýji bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar.
Milli Liderimiziň düýbüni mäkäm tutan döwletli ýörelgeleri esasynda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe ulgamyny düýpli özgertmek boýunça makro ykdysady syýasaty ähli döwlet maksatnamalaryny doly durmuşa geçirmäge hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ykdysadyýetiň ösüşine oba ýerleriniň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler hem öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalarynyň gurluşygyna ummasyz köp möçberde pul serişdelerini goýbermäge göwnejaý şert döredýär. Milli ykdysadyýetimiz innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde täze belentliklere galýar. Abadan ýurdumyz çalt ösýär, onuň belent sepgitleri nazarlaýan bady durmuşymyzyň, bagtyýarlygymyzyň ygtybarly hem egsilmez çeşmesidir.
Hormatly Prezidentimiziň dana tabşyryklary, kabul edýän kararlary alys geljegi nazarlaýar, döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Täze taryhy eýýamymyzda gurmak gudratyny sungat derejesine ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ajaýyp çözgütleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris.
Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
welaýat komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty