Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
10.05.2024

GOŞA BAÝRAM — GOŞA TOÝ

 

Üstünliklere, taryhy wakalara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesine göterilmegi, ýurdumyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr.

Ýene-de sanlyja günlerden agzybir hem-de zähmetkeş halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýene-de bir şanly senäni, milli senenamamyzda orun alan goşa mukaddesligiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygyny döwlet derejesinde belläp geçerler. Türkmen halkynyň milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ädilen aýgytly ädimlerdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Esasy Kanunymyzyň döredilen gününiň Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygy bilen utgaşdyrylyp bellenilmeginde hem çuň many-mazmun jemlenendir. Özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilmegiň esasy şertleri hasaplanylýan Esasy Kanunymyzda we Döwlet baýdagymyzda halkymyzyň çäksiz buýsançlary öz beýanyny tapýar. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, rejelenilip, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady hökmünde raýatlarymyza ynsanperwerligi, ruhubelentligi ündeýär, halkymyzyň kalbynda ajaýyp geljege berk ynam döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçiren we geçirýän özgertmelerini, ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň ýeten belent derejelerinde, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýylsaýyn ýokarlanyp barmagynda, halkara derejede döwletimize berilýän belent bahalarda aýdyň görmek bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mizemez hukuk binýady hasaplanylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. 

Gadymy hem müdimi türkmen halkynyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýen dana pähiminiň dabaralanmasy bolup, ýaşyl Tugumyz zemine ýalkym saçýar. Döwlet baýdagymyz halkara guramalaryň edara jaýlarynyň hem-de dünýäniň çar-künjeginde ýerleşen ilçihanalarymyzyň öňünde parahatçylygyň we ösüşiň nyşany hökmünde buýsançly parlaýar. Mukaddes Tugumyz dünýäniň dürli yklymlarynda öz başarnyklary, üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzy şöhratlandyrýan sport ussatlarymyzyň hormatyna yzygiderli belende galdyrylýar. Dünýäde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň dabaralanmasydyr, halkymyzyň erkinliginiň, mizemezliginiň şöhlelenmesidir. 

Goý, Döwlet baýdagymyz mundan beýläk hem al-asmanda türkmen halkynyň synmajak ruhy bolup belentde parlasyn! 

 

Kakamämmet NEPESOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.