Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösýär, halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik ýörelgesi bu günki günde has-da rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda medeniýet diplomatiýasynyň rowaçlanmagy netijesinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilikli hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen milli medeniýetimizi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini dünýäde giňden wagyz edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyz diňe bir halkymyzyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzadyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen halkara bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň üçin ýurdumyzda medeniýet diplomatiýasyny ösdürmek bilen, dost-doganlyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasaty il-ulsuň kalbynda uly joşgun döredýär. Ýaşaýyş-durmuşymyz gözelleşýär we ykballar göterilip, mukaddes topragymyz bereket-bolçulygyna eýe bolýar. Ýurdumyzda özi barada edilýän çäksiz aladany doly duýup ýaşaýan her bir raýat özüni bagtyýar hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň jan saglygyna we eşretli durmuşda ýaşamagyna aýratyn üns berýär. Eziz Watanymyzda halkyň bähbidi üçin durmuşa geçirilýän çäksiz uly işler, gurulýan desgalar, bilim, saglyk, ýaşaýyş ähmiýetli binalar, ýollar we zawodlar şu günki gün türkmen halkynyň baky bagtyň gujagynda ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Bu eşretleriň ählisi mähriban ýurdumyzyň ösüşiniň, özgertmeleriniň miweleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýunyň bellenip geçilýän günlerinde her birimiziň Watan bähbitli işlere işjeň gatnaşmagymyz gerek. Çünki Watan biziň başymyzyň täjidir. Eziz Watanymyzyň ösüşleri,dünýä ýaýylýan abraý-mertebesi biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni