Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Dowamat-dowam bolmagyň ilkinji şerti geljegi gurmaga ukyply, pikirlenip, durmuşda öz ornuny tapyp bilýän ýaş nesilleri ýetişdirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyzda döwlet ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, nesillerimiziň bagtyýar durmuşda sagdyn ýaşamagy, iň kämil bilimleri ele alyp, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri hem şu ugra gönükdirilendir.
Bu haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilip, gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Onuň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda gaznanyň alyp barýan köpugurly işleriniň gerimi has-da giňelip, onuň maksady ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek bilen birlikde, ýaş nesilde Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Şu jähetden, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň çar künjeginden 14 ýaşa çenli bolan çagalaryň gatnaşmak hukugy bolan bu bäsleşigiň maksady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Şeýlelikde, bu çäre zehinli çagalaryň watançylyk duýgusyny ösdürmäge, sungata, surat çekmäge höwesini artdyrmaga, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamaga, bilesigelijiligini, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, dünýägaraýşyny giňeltmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýär. Elbetde, ýaş nesli kämil derejede kemala getirmek, ilkinji nobatda, olara berilýän edep-terbiýäniň hiline bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmi görkezmek bolar. Bu filmde sazyň täsinlikleri, ynsan ruhuny bejerijilik häsiýeti barada gürrüň berlip, onuň içinden ýaş nesliň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde we jemgyýetde öz ýerini tapmagynda terbiýäniň, şeýle hem terbiýäni bermekde, ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda maşgalanyň orny hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär.
Ýeri gelende bellesek, Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi. Anyk mysallara ýüzlensek, 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, ýaňy-ýakynda bolsa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasynyň hersine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy-da sowgat hökmünde gowşuryldy. Döwrebap lukmançylyk merkezlerine ornaşdyrylýan öňdebaryjy şeýle enjamlar bar bolan keselleri irki döwürlerde anyklamaga, iň täsirli bejeriş çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik bermek bilen, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Şeýle hem Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmegi, ol ýerde milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etmegi, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürmegi bellenilmäge mynasypdyr. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw beriljek bu toparyň döredilmegi, nesip bolsa, atşynaslaryň täze neslini ösdürip ýetişdirmekde möhüm ädim bolar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň sahypalaryny şeýle setirler bezeýär: «Aýtmaklaryna görä, köki Zeminiň çuňluklarynda, şahalary göge diräp duran bir daragt bolarmyş, onuň saýasy-da, miwesi-de dermanmyş. Zemin özüniň ynjalygyny, asman özüniň asudalygyny şonuň üsti bilen gazanarmyş. Onuň haýry-höziri yns-jynsa, guş-gumra-da ýetermiş. Bu daragta arka diränleriň abraý-mertebesi arşa sary ýokary galarmyş. Oňa «Sahawat daragty» diýler ekeni». Bu rowaýaty okap, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mysalynda sahawat daragtynyň türkmen halkyna öz saýasyny salandygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen ynsanperwer işleriň hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen barha giň gerim alýandygyna buýsanjyň artýar. Hususanda, ynsanperwerlik kömeginiň diňe bir Türkmenistanyň çagalaryna däl, eýsem, köp sanly dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna-da berilýändigi guwandyryjy ýagdaý bolup, bu haýyr-yhsanly işler «Haýyr- bereket, nur-rehmet» diýen halk pähimini ýadyňa salýar.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.