Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.05.2024

MILLI DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ ŞÖHLELENMESI

 

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly we deňhukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Şeýlelik-de, Garaşsyz, özygtyýarly döwletimizde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, ýurduň Esasy Kanunynda demokratik ýörelgeler, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, döwlet dolandyryşynyň hukuk binýady berkidildi. Onuň mazmunyny döwlet häkimiýeti, gurluşy, eýeçiligiň görnüşleri, şahsyýetiň hukuk ýagdaýy baradaky kadalar düzýär. Her ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi, konstitusion özgertmeleriň ösüş ugurlary durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilen. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, özünde şol jemgyýetdäki eýeçiligiň we ykdysady işiň guramaçylygynyň görnüşlerini, döwletiň raýatlarynyň olara gatnaşygyny beýan edýär. Adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzgünlerini, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny berkidýär. Şol sanda ýurduň häkimiýet ulgamyny, onuň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär.

Döw­le­tiň we hukugyň nazaryýeti jähetinden Konstitusiýanyň esasy iki wezipesi bolýar. Birinjisi, tutuş jemgyýetiň we döwletiň gurluşynyň, ýurduň döwlet häkimiýetiniň häsiýetleriniň, şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esaslaryny berkitmekden (bu esaslar soňra milli hukuk ulgamynyň dürli pudaklarynyň kadalarynda giňişleýin berkidilýär), ikinjisi bolsa döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş häkimiýetini amala aşyrmagyň gurallaryny düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, her bir döwletiň Konstitusiýasy (durmuş-ykdysady ulgamyň işiniň aýratynlygyna garamazdan) döredijilik başlangyçlaryna eýe bolup, guramaçylyk, daşary syýasy, aňyýet, hukuk we ş.m. wezipeleri ýerine ýetirýär. Onuň döredijilik wezipesi jemgyýetdäki düýpli taryhy özgertmeleriň indiki tapgyryna, ýagny ýurduň syýasy-hukuk ösüşiniň esasyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ol öň hereket edýän gatnaşyklary, jemgyýetçilik hadysalaryny hukuk kadalarynda berkidýär ýa-da jemgyýetde zerurlygy ýüze çykan, ýöne degişli hukuk binýady bolmadyk düýbünden täze gatnaşyklaryň emele gelmegine gönükdirilen hukuk şertlerini döredýär. Şeýlelikde, onuň döredijilik häsiýeti jemgyýetçilik (syýasy) ulgama tutuşlygyna we aýry-aýry döwlet-hukuk institutlaryna edýän täsirinde ýüze çykýar. 

Milli kanunçylygymyzda berkidilen sagdyn demokratik gymmatlyklaryň ösüş taryhyna içgin aralaşanyňda, onuň kökleriniň gözbaşyny halkymyzyň gadymyýetde döreden asylly däplerinden alyp gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Geçen nesilleriň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklar jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu gymmatlyklar döwürleriň oňyn özgermegini, nesilleriň kämilleşmegini şertlendirip, şahsyýet bilen jemgyýetiň bitewüligini, milletiň mizemezligini pugtalandyrdy. Halkyň döredijilik ukybyny işjeňleşdirip, berkarar döwletiň bina edilmegine we halk häkimiýetiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegine kuwwatly itergi berdi. 

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda raýatlardan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Munuň özi döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetiniň edaralarynyň bir bitewi ulgamyny döretmegiň, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm özgertme bolup durýar. Bu ýerde halk häkimiýetiniň işiniň mazmuny giňden şöhlelenýär. Maslahata gatnaşyjylaryň özara pikir alşyp maslahatlaşmagyna we ählumumy ylalaşyk gazanmagyna deň şertler hereket edýär. Bu bolsa döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlarynda oňaýly özgertmeleri amala aşyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. 

Konstitusiýanyň guramaçylyk wezipesi konstitusion kadalardan ugur alyp, döwlet edaralaryny, jemgyýetçilik guramalaryny, raýatlary esasy syýasy işjeňlige gönükdirýänliginden ybaratdyr. Ol diňe bir jemgyýetdäki şertlerdir ýagdaýlary beýan etmek bilen çäklenmän, dürli jemgyýetçilik bähbitli maksatlara ýetmegiň anyk hem netijeli usullaryny we gurallaryny-da özünde jemleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty pederlerimiziň milli we ruhy gymmatlyklaryndan, adatlaryndan we däp-dessurlaryndan gözbaş alyp, onda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge halkyň gatnaşmagy üpjün edilýär. Jemgyýetde demokratiýanyň we döwletliligiň ösüşi, adam hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň kepillendirilmegi raýat jemgyýetiniň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň güwäsidir. Ähli döwürlerde-de döwletde raýat jemgyýetiniň sazlaşykly işlemegi, işjeňligini parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere eýerip guramagy esasy maksat bolmagynda galýar. 

Konstitusiýanyň daşary syýasy wezipesi ýurduň içki durmuşyna täsir etmek bilen birlikde, döwletiň daşary syýasy, ykdysady işjeňliginiň hem ýörelgeleýin esaslaryny kesgitleýär. Esasy Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar». Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoly bolup, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar. Geoykdysady we geosyýasy gatnaşyklarda ýurtlaryň arasynda öňe sürlen dürli garaýyşlaryň, bähbitleriň umumylygyny gazanmakda, ýüze çykýan meseleleriň gepleşikler, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine güýçli itergi bermekde türkmen Bitaraplygy möhüm ähmiýete eýedir. 

Konstitusiýanyň hukuk wezipesi, birinjiden, ýurduň hukuk ulgamynyň we tertibiniň (ýa-da olaryň ösüşiniň täze tapgyrynyň) binýatlaýyn esasy bolmagyndan; ikinjiden, göni hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namasy hökmünde jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýänliginden we jemgyýetde täze gatnaşyklaryň döremegine itergi berýänliginden; üçünjiden, berkidilen ýörelgelerden hem kadalardan ugur almak bilen, kanunçylygyň kämilleşdirilmegine we täze kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň uly toplumynyň kabul edilmegine badalga berýänliginden ybaratdyr. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüş milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzy birnäçe gezek kämilleşdirip, döwlet häkimiýet edaralarynyň kämil ulgamlaryny emele getirdik» diýmegi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna bildirilen uly ynamdyr. Şunuň bilen birlikde, täze kabul edilýän kanunlaryň, geçirilýän özgertmeleriň işjeňlik häsiýetini barha ýokarlandyrmakda öňde durýan jogapkärçilikdir. Ýurdumyzyň milli parlamenti giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýar. Kanunyň 21-nji maddasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Mejlisi kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, olary ýerine ýetirijileriň hojalyk işlerine goşulmazdan, hukuk resminamalarynyň, täze kabul edilýänleriniň jemgyýetçilik durmuşyna edýän täsirine yzygiderli gözegçilik etmek we olaryň ýurtda geçirilýän özgertmeleriň talaplaryndan yza galýany, şeýle hem nädogry ulanylýan ýagdaýlary ýüze çykarylan halatynda, düzetmek barada öz ygtyýarlygynyň çäginde degişli çäreleri görýär». Has takygy, Mejlisiň komitetlerinde garalýan meseleleriň degişliligi boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň, alymlaryňdyr bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite topar döredilip, milli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

 Umuman aýdylanda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet dolandyryşynyň ulgamy adamyň we raýatyň demokratik-syýasy hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň ygtybarly goragynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

aradaky komitetiniň hünärmeni