Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.05.2024

HOSSARLYK ALADALARYNYŇ GURŞAWYNDA

 

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda alnyp barylýan işler uly rowaçlyklara beslenýär. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň iň çetki şäherlerinde we obalarynda hem lukmançylyk we sport düzümlerini şu günüň talabyna laýyk getirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş edaralarynyň gurulmagy, etrap hassahanalarynyň durkunyň täzelenilmegi, olara daşary ýurtlaryň iň meşhur kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň iş tejribeleriniň yzygiderli baýlaşdyrylmagy netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzdyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin duzy ýod bilen hem-de unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy baradaky Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we beýleki guramalar tarapyndan berlen halkara güwänamalary ýetilen belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyz çilimkeşlige garşy alnyp barylýan göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýadygärlik medalyna hem-de Minnetdarlyk şahadatnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we sarpasy belent hormatly Prezidentimiziň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkyň saglygyny berkitmek barada edýän hossarlyk aladalary bilen aýrylmaz baglydyr. 

Biz netijeli işlemegimiz, halka ýokary derejede hyzmat etmegimiz ugrunda döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Iň uly maksady halkymyzyň saglygyny goramakdan we ýurdumyzyň abadançylygyny berkitmekden ybarat bolan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-günüň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmek, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň 

orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.