Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.05.2024

WATAN, AÝDYM BOLUP ÝAŇLAN ERKANA!

 

Her bir döwletiň dünýä giňişligindäki ornuny, ilki bilen, onuň hukuk binýady kesgitleýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni her ýyl uludan bellenilýär. 

Hawa, Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň Garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr we milli gymmatlyklarymyza janymyz-tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň göz başynda durýar. 

Pederlerimiziň: «Adam edebinden tanalar, ýurt Tugundan» diýen ajaýyp pähimi bar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň Esasy Kanuny bilen birlikde, bitewiligi emele getirýär. Çünki, olarda ata-babalarymyzyň umyt-arzuwlary, häzirki bagtyýar zamanamyza we eşretli geljegimize bolan ynamy jemlenendir. Baýdagymyzyň esasyny düzýän ýaşyl reňk ýaşaýşyň gönezligi hasaplanylsa, türkmen halysynyň gölleri bäş welaýatymyzyň doganlygynyň alamatydyr. Aý we bäş sany ýyldyz öz gezeginde, halkymyzyň asuda asmanyň astynda azat, erkin, agzybir durmuşda ýaşaýandygyny aňladýar. 

Baýdak döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewiliginiň nyşanydyr, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslikdir. Konstitusiýa döwletliligiň binýadydyr, döwletde halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepilidir. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uly möçberli maksatnamalar, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler döwletimiziň Konstitusiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. 

Goý, ýaşyl Baýdagymyz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany bolup, hemişe belentde parlasyn!

 

Maksat JANMYRADOW. 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.