Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halk arasynda: «On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir» diýen dana pähim bar. Bu günki gün ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen müňýyllyklary nazarlaýan asylly işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenden bäri geçen iki ýylyň dowamynda amala aşyrylan giň gerimli, belent maksatly tutumlar türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky aýratyn ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüldi.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlygyna geçen ilkinji aýlarynda Döwletliler köşgüne iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde okuwlaryň guralyşy hem-de terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda amala aşyrylan bu sapar bir tarapdan, gadymdan gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgelerimiziň ýurdumyzyň syýasatynda mynasyp orun alýandygyny görkezse, beýleki bir tarapdan, döwletiň geljeginiň şu günki ösüp gelýän ýaş nesil bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny äşgär etdi.
2022-nji ýylyň iýun aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Maslahatlar merkezinde döwlet ýaşlar syýasatynyň, şeýle-de bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanyp ýaşlar bilen geçirilen maslahat ýaş nesliň wekilleriniň kalbynda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seretmek üçin geçirilen ýygnakda hut ýaşlaryň pikirleriniň, olaryň dünýägaraýşynyň nazara alynmagy döwletimizde ýaş nesle goýulýan sarpanyň, bildirilýän ynamyň belentdigini aýdyňlygy bilen görkezdi.
Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi we oňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasatyny belentden dabaralandyrdy. Gurultaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty ulgamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini belledi. Şeýle hem gurultaýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklady.
2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky aýratyn ähmiýetli wakalaryň täze sahypasyny açdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň esaslandyrylmagy hem türkmen ýaşlary üçin özboluşly sowgat boldy. Ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna hödürlenen dalaşgärleriň arasynda ýaşlaryň agdyklyk etmegi, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli parlamentiň täze tassyklanan düzümi bilen geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ösüp gelýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny has-da kämilleşdirmek babatdaky meselelere garalmagy ýaşlaryň ýurduň hukuk gurşawyna işjeň gatnaşýandygyny alamatlandyrdy.
Geçen ýylyň esasy wakalary bolan ýaşlar şäheri–Arkadag şäheriniň açylmagyny hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegini ýatlamak has-da buýsandyryjydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog—parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, şeýle hem Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň geçirilmegi ýaşlaryň durmuşyndaky ýatda galyjy pursatlar boldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalar toplumlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle-de türkmen ýaşlarynyň döwlet we halkara derejelerde geçirilýän sport ýaryşlaryna, ylym-bilim olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlar syýasatynyň mynasyp netijeleri berýändiginden nyşandyr.
Geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy amaly maslahatyň we serginiň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar —Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bagtyýar jemlenmesine öwrüldi. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara Watanyň daýanjy hökmünde garamagy olarda uly buýsanç döretmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň, halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän ynamyny ödemek babatda alyp barýan işlerinde belent jogapkärçilik duýgusyny döredýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigi hem-de ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmelidigi barada belledi. Biz hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň adyndan ýaşlaryň syýasy ykdysady, medeni işlere has giňden goşulyşmagyny, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilmegini gazanmak hem-de ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek babatda alyp barýan işlerimizi has-da güýçlendirjekdigimize ynandyrýarys. Türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, zähmet çekmegi, parahat dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, dünýä ähmiýetli işleri nurana ýollarda rowan bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty