Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Häzirki döwürde hukuk gatnaşyklaryň mazmunynyň döwrebaplaşmagy we hususan-da, demokratik häsiýetliligiň mahsuslygy bilen ösmegi netijesinde dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň kanunçykaryjylyk tejribesine hem oňyn täsir edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwer däplere, umumy ykrar edilen halkara ýörelgelere eýerip, demokratik ýörelgelerimiz döwrüň talabyny nazara alyp işjeňleşýär. Şeýle depgindäki demokratik däpler hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we onuň düzümini tassyklamak meselelerinde-de beýanyny tapdy. Bu maslahatda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanan deputatlarynyň aglabasynyň ýaş nesliň wekilleridigini aýratyn bellediler. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda eden çykyşynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün edilmegi babatda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geçirilmeli zerur işleriň anyk ugurlaryny beýan etdi.
Maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli gymmatlyklaryny, şeýle hem täzeçillikleri çelgi edinip, raýat hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak, Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işleriň amala aşyrylmagynyň zerurlygyna ähmiýet berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz geçen ýyl Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda:«Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüş milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzy birnäçe gezek kämilleşdirip, döwlet häkimiýet edaralarynyň kämil ulgamlaryny emele getirdik» diýip nygtamagy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna bildirilen uly ynamdyr. Şunuň bilen birlikde, täze kabul edilýän kanunlaryň, geçirilýän özgertmeleriň işjeňlik häsiýetini barha ýokarlandyrmakda öňde durýan jogapkärçilikdir. Milli Liderimiz bu mejlisde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde durýan wezipelere aýratyn ähmiýet berdi.Olaryň hatarynda:
Birinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze agzalarynyň öz işlerini döwrüň talabyna laýyk guramaklary üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň olara ýardam berip durmalydygy, olar bilen okuw maslahatlary gurap, degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuwlary geçirmelidigi;
Ikinjiden, Mejlisiň deputatlarynyň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda bolup, ýygy-ýygydan duşuşmagy we gürrüňdeş bolmagy, şeýle pikir alyşmalaryň hereket edýän kanunçylygymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek üçin peýdaly maglumatlary almaga ýardam berjekdigi;
Üçünjiden, Mejlisiň deputatlarynyň döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmelidigi, halkara tejribeden ugur alyp, kanunçylyk namalarymyzy yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmelidigi dogrusynda anyk wezipeler kesgitlenildi.
2023-nji ýylda Türkmenistanda ýaş parlamentarileriň işini kanunalaýyk guramak hem-de ony ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler topary döredilip, toparyň tassyklanylan Düzgünnamasyna laýyklykda öz işini agzalarynyň deňligi ýörelgesi esasynda, jemgyýetçilik başlangyçlarynda amala aşyrýar.Toparyň çözgütleri maslahat beriji häsiýetliligi bilen tapawutlanýar.
Topar öz işinde Türkmenistanyň Mejlisinde ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek üçin şertleriň döredilmegine; Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuk we syýasy medeniýetiniň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň ösdürilmegine ýardam etmek; Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly maksatlary göz öňünde tutýar.
Bular bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär. Soňky ýyllarda bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň, zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak üçin hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullarynda ýola goýulmagyna giň şertler döredilýär.
Munuň özi bolsa geljekde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, şol sanda ýaş parlamentarileriň öňünde kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyna mümkinçilikleri döreder. Döwleti dolandyrmagyň halk häkimiýetiniň üsti arkaly sazlaşygyny berkitmäge ýardam eder.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni.