Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy geçen ýyl, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anželo Melo bu guramanyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygy barada habar berende, bu täzelik uly tolgunma we çäksiz şatlyk bilen kabul edildi. Bu ykrarnama döwletimiziň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak hem-de ýaş nesliň beden we aň taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatdaky ýörelgeleriniň giň jahana aýan bolandygyny äşgär edýän hakykatdyr.
Mundan başga-da, geçen ýylyň tamamlaýjy günlerinde gadymy Merwiň çäginde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi. Halkara giňişliginde uly seslenme döreden bu forumy geçirmek baradaky başlangyjy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz öňe sürdi. Üstünlikli we netijeli geçen bu forum türkmen ýaşlarynyň bagtyýar zamanada amala aşyrýan beýik işlerini, ylmy açyşlaryny, talyplyk döwründäki ýakymly ýatlamalara baý pursatlaryny Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň ýaşlaryna bütin aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Maksat JANMYRADOW ,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.