Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
30.05.2024

EL HÜNÄRI IL GEZER

Güneşli ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň toý-baýramçylyklara, şanly dabaralara we taryhy wakalara sepleşmegi ildeşlerimiziň her biriniň göwnüni ganatlandyrdy, ruhuny tug deýin belende göterdi. Şol dabaralary ýatlap, kalbyňa dolan şatlygyň, buýsanjyň barada söz açmagam, söhbet etmegem ýakymly. Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşmagy, şeýle-de paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi hakydamyza we ruhy dünýämize täsirli duýgulary bagyşlady. 

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, hoşniýetli gatnaşyklar iki halkyň bähbidine hyzmat etmek bilen, dost-doganlygyň, ylalaşyklylygyň we ynanyşmagyň binýadyny berkidýär. «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen söhbetdeş bolup, türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada pikir alyşmaklary, şeýle-de Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň öz ýürek mährini siňdirip, ýerine ýetiren el işini myhmandan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmegi forumyň mazmunyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Çünki ene-mamalarymyzdan miras galan nagyşlarda, keşdelerde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gadymy ynançlary, milli ýol-ýörelgeleri, bagt, saglyk, dowamat baradaky arzuwlary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň Hytaýdan getirilen sowgadyny şekile geçirip, şonuň esasynda hem taýýarlan keşdesi onuň içki dünýäsiniň gözelligini, çeper-aňyýet kämilligini alamatlandyrýar. 

Eziz Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň paýtagtymyzdaky Döwlet muzeýiniň esasy bezegine öwrülen, mundan ýarym asyr ozal bejeren kürtesi we ören joraby, dokan alajasy bu günki gün owadanlygy, inçeligi we reňk öwüşgini bilen tomaşaçylary haýrana galdyrýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizen türkmen keşdeçilik sungatynda türkmen zenanlarynyň köňül arzuwlary, asylly hüý-häsiýetleri, edim-gylymlary şöhlelenýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň jadyly el sungatynyň bu günki gün tutuş dünýäni özüne aşyk edişi ýaly, Aýjereniň nepislik bilen ýerine ýetiren keşdesi hem onuň gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilmegine goşýan saldamly goşandyny äşgär edýär. «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň barşynda hormatly myhmanyň gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýan keşdeli kürtedir çabytlarynyň, keteni köýnekleriniň dünýä medeniýeti üçin iňňän uly gymmatlykdygy barada aýdan sözleri biziň her birimiziň başymyzy Göge ýetirdi. 

Türkmenistandan sowgat berlen ýekeje tahýany, alajany ýa-da ýekeje bilezigi ömür boýy dakynyp gezýän, olary tumar ýaly saklaýan daşary ýurtly gelin-gyzlaryň barmak büküp sanardan has kändigi ählimize mälim. Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň-de göz we göwün nuruny, ýürek mährini siňdirip taýýarlan sowgatlyk el işiniň hem eýesine rowaçlyk, bagtyýarlyk eçiljekdigine berk ynanýarys. Gözbaşyny müň ýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň goragly, aýawly saklanylmagy, baýlaşmagy, döwrebap röwüşde ösmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we sarpasy belent döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halkymyzyň arzylaýan-apalaýan maddy medeni mirasynyň şu günümiziň röwşenligine, geljegimiziň nuranalygyna öwrülmegi babatda alyp barýan işleri üstünliklere beslensin! 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat 

uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.