Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň geçirilmegi hem aýratyn many mazmuna eýedir. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegi we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmegi döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine öwürdi. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, döwletimiziň her bir ýaşaýjysynyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiz hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp döwrümizde täze ösüşe eýe boldy.
Halkymyz gadymy döwürlerden bäri öz çagalaryna aýratyn alada we mähir bilen garaýar, olara iň gowy zatlary bagyş edýär. Garaşsyz ýurdumyzda çagalygy goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegini gazanmak, hünär taýdan kämil, başarjaň, zähmet çekmäge, sport bilen meşgullanmaga, medeniýetli dynç almaga taýýarlamak boýunça ygtybarly hukuk kepilliklerini döretmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan çagalar babatda halkara guramalar bilen aragatnaşyk etmekde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanda çagalygy goramak, olaryň hukuklary babatdaky ülňüler bellenen halkara hukuklara we düzgünlere laýyk gelýär hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň bähbitlerine ygtybarly hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesil, olaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny hemişe nygtaýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasy bilen howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli zerur şertleriň bardygy guwandyryjydyr. Bu işler döwletimizde ýaş nesil hakynda hemişe alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her bir adam ýaş nesil hakyndaky aladany hemişe duýup ýaşaýar. Çünki ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ýaşamaga, okamaga, işlemäge we medeniýetli dynç almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler we ähli mümkinçilikleri döredýän häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, olaryň döwrebap bilim almagy we jemgyýetde öz orunlaryny tapmagy üçin hemme şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda her bir çaga uly alada bilen gurşalýar, sagdyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli ilaty Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren we ruhubelent nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.