Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.05.2024

SPORT — DOSTLUK KÖPRÜSI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport mümkinçilikleri dostlukly hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ösdürmek bilen utgaşyklylykda uly üstünliklere beslenýär. 

Garaşsyz ýurdumyzda 24-nji maýda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde sportly Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi sebitde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berýän taryhy waka boldy. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jebisleşmeginde sport boýunça hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi agza döwletler tarapyndan giňden goldanyldy. 

Alym Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eseriniň çuň manysyny ýatladýan bu şanly waka bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna çuň mazmun bermek bilen birlikde, gurluş täsinligi we ajaýyplygy bilen ençeme desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ak şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň hoşniýetli garaýyşlaryny özüne çekýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. 

Munuň özi Alym Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eserinde: «Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr» diýen nesihatlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan häzirki zaman mümkinçilikli bedenterbiýe we sport desgalar, durmuşa geçirilen işler, amala aşyrylan kanunçylyk özgertmeler bu düzümiň iň kämil maddy we hukuk binýadyny döretdi. 

Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserini giň okyjylar köpçüligine sowgat etmegi dünýäde sportuň parahatçylyk babatdaky manysyny baýlaşdyrdy. Bu dürdäne eser häzirki zaman şertlerinde halkara sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin kämil mekdep boldy. 

Hut şonuň netijesinde hem 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyry, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýaly ençeme iri halkara sport çärelerini geçirip, ýurdumyz dünýäniň sportly merkezine öwrüldi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanan Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagtynda 2023-nji ýylyň noýabrynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty, 2024-nji ýylyň 15-20-nji apreli aralygynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy ýaly iri halkara sport çäreleriniň geçirilmegi ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň uly üstünliklere beslenýändigini görkezdi. 

Şanly baýramçylyga barylýan günlerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçen 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli parasatly başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň nobatdaky beýany bolandygyny bellemek has buýsançlydyr. 

Nesip bolsa, «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilen paýtagtymyzda diňe bir GDA-dan däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden gelen ýaş sport türgenleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek dostluk oýunlary hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini çuň mazmun bilen baýlaşdyrar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde paýhasly belleýşi ýaly: «Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek biziň baş wezipelerimizdir». 

Ata Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň artmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy.