Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
05.06.2024

EKOLOGIK ABADANÇYLYK — ROWAÇ ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI

 

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinip, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljek nesillere has gözel görnüşde ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň arassa gurşawyny döretmäge, suw, ýer we biologik serişdelerden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligidir tebigaty goramaga, çölleşmä hem-de tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmäge, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Ekologik abadançylygy gorap saklamak we onuň köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak bilen bagly halkara maslahatlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden goldaw tapýar. 

Hä­zir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýeti örboýuna galdy, olary çözmezden jemgyýeti­ň durnukly ösmegini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna Türkmenistan wajyp ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly saldamly goşant goşýar. 

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ekologiýa babatdaky halkara kadalary we bu ugurda kabul edilen konwensiýalaryň talaplaryny milli kanunçylygyna berk ornaşdyrdy. Hukuk ulgamyny ösdürmegiň we onuň kämil gi­ňişligini döretmegiň esasy bolan Konstitusiýa laýyklykda, tebigatdan peýdalanyjylaryň gatnaşygyny düzgünleşdirýän hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün edýän ekologiýa kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwrüň talabyna görä, täze kanunlary işläp taýýarlamak işleri hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunda daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlyk baradaky düzgünler has-da gi­ňeldildi we aýdyň­laşdyryldy. Konstitusiýanyň 53-nji maddasynda her bir raýatyň durmuşy jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata hem-de ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna, emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugynyň bardygy, döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak, üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi, her bir raýatyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy kadalaşdyryldy. Munuň özi tebigy baýlyklary geljek nesillerimiz üçin gorap saklamakda we ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. 

Ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde paýtagtymyzyň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň emele getirilmegi, Merkezi Garagumda «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi daşky gurşawy goramak meselesine milli derejede örän uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Garagumuň jümmüşinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli di­ňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä boýunça hem iň uly ekogidrotehniki taslamalaryň biri bolup durýar. Ummasyz maýa goýum gönükdirilen Türkmen köli ýurdumyzyň dünýäniň suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant goşýandygyny subut edýän hakyky innowasion taslamadyr. 

«Türkmenistanyň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ilatly ýerleriň daş-töweregine ýaşyl zolaklary aýlamak, oba hojalyk meýdanlarynyň daşynda goraýjy tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalarynyň, çöl sazaklarynyň tokaýlaryny we kenarýaka jeň­ňellikleri gaýtadan dikeltmek işleri üstünlikli ýerine ýetirildi. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu asylly işiň mynasyp dowamyna öwrüldi. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän agaç nahallaryny köpçülikleýin oturtmak işiniň häzirki döwrüň keşbine mynasyp dessur bolup ornaşandygyny nygtamak gerek. 

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna goşulan ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa jemgyýeti döretmek boýunça hem yzygiderli tagalla edilýär. Şunda suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeltmek, suw çeşmelerini goramak, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak ýaly giň gerimli işler alnyp barylýar. 

«Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegini­ňem çuňňur manysy bar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen bu möhüm Kararnamanyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, onuň Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendigindedir. Bu Kararnamany di­ňe bir Merkezi Aziýa döwletleri däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzakdaky ýurtlar hem goldadylar. Munuň özi Aral deň­zi meselesi boýunça ählumumy derejede alada edilýändiginden, bilelikde irginsiz tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. 

Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygyny, soň­ky ýyllarda ýurdumyzda gurlan möhüm senagat desgalarynyň ençemesine ekologiýa ugurly halkara güwänamalaryň ençemesiniň gowşurylandygyny ýatlamak bilen, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ähli pudaklaryň ösüşi bilen sazlaşykly utgaşyp, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy gazanmaga gönükdirilendigini nygtap bileris. 

Ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek ýaly başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi. 

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, parnik gazlarynyň zy­ňyndylarynyň yzygiderli azaldylmagy boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamagy ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda Dubaý şäherinde geçirilen COP-28 maslahatynyň sammitinde bolsa Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. 

Adamzady tolgundyrýan meseleleriň ilkinjileriniň hatarynda durýan ekologik abadançylygy üpjün etmek işini işjeň­leşdirmekde we bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda Milli Liderimiziň tagallalary bilen başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam edýän işleri ýagty geljege alyp barýan dogry ýol bolup durýar. Ol ýol adamlaryň arassa gurşawda bagtyýar ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri babatdaky işleri öz içine alýan «Döwlet adam üçindir!», «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar. 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.