Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa 8 bapdan ybarat bolup, onuň ilkinji babynda resminamanyň maksadyny, wezipesini we mazmunyny emele getirmek üçin zerurlyklar, jemgyýetçilik talaplary düşündirilýär.
Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny, bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýar.
Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okuw dersleriniň döwlet bilim standartlarynyň we okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyk getirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, mekdep okuwçylarynyň okaýyş, matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak hem bellenilýär.
Şu günler ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler.
Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam edilip, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi, konstruktorçylyk, özbaşdak pikirleniş endikleri ösdüriler. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda, ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçiriler. Konsepsiýada bellenenleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilmeli işleriň many mazmuny täzelener, baýlaşdyrylar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrüler.
Aýnabat TOÝLYÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.