Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.06.2024

MEDENI-YNSANPERWER ÖSÜŞ WE DÖWLET SYÝASATY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär.

Hä­zir­ki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda belleýär. 

Hünär taýýarlygyna bolan talabyň ýokarlanmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem telekeçiligiň, hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly düzümine öwrülýändigi, hususy pudakda dünýä ülňülerine laýyk önümçilik düzümleriniň ýyl-ýyldan giňelýändigi bilen baglydyr. Häzirki döwürde durnukly işleýän hususy pudakda iş orunlaryna bolan bäsleşik ýokarlanýar. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegi netijesinde ýaş hünärmenlere esasy hünär taýýarlygynyň daşyndan, daşary ýurt dillerini öwrenmek hem zerur bolup durýar. 

Jemgyýetçilik aňynda bolup geçýän şeýle oňyn özgerişler döwleti durmuş-ykdysady taýdan dolandyrmagy yzygiderli we netijeli kämilleşdirmegiň esasy şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer, aňyýet ösüşlerine aýratyn uly üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tululýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. 

Döwrebap maksatlaýyn ösüş ýörelgelerini amala aşyrmakda ýurdumyzda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Aragatnaşygyň häzirki şertlerinde, maglumat tehnologiýasynyň ösmegi netijesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar. Indi halkara ylym-bilim bäsleşiklerine, ylmy maslahatlara onlaýn arkaly gatnaşmak, milli ylym-bilim pudagynda gazanylýan üstünlikleri, täzelikleri halkara jemgyýetçilige ýetirmek, bu babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek kada öwrüldi. Biziň ýurdumyzda şeýle täzelenişden işjeň hem giňden peýdalanmak ýola goýuldy. 

Halkara hyzmatdaşlyk diňe tehniki bilimler babatda däl-de, eýsem, medeni-ynsanperwer ugurlarda-da yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr beýleki çäreler hem medeni-ynsanperwer ösüşleri ilerletmekde döwlet syýasatynyň netijeli ýola goýlandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy berlip, onuň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky» diýlip atlandyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň näderejede uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şunda milli ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümçiligi guramak ýaly, häzirki döwürdäki ösüş maksatnamalarynyň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy maksat bolup durýandygy mälimdir. Bilimde we ylymda giň gerimli çäreler yzygiderli, döwrüň talaplaryna we şertlerine görä dowam etdirilýär. Munuň özi milli ylym-bilim ulgamynyň halkara giňişlige ynamly çykyp, ösüş hereketlerine giňden goşulyşmagyna şert döredýär. 

Häzirki zamanyň ösüşini häsiýetlendirip, hormatly Prezidentimiz: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar» diýip belleýär. Parahat, asuda, gülläp ösýän ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň miwesini öz durmuşlarynda görüp, bagtyýar döwre guwanyp ýaşaýan halkymyz, esasan hem, ýaşlar ýene bir esasy ugra — hususy iş bilen meşgullanmaga aýratyn üns berip başladylar. Mundan 10 — 12 ýyl öň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany birnäçe müňe barabar bolan bolsa, häzirki döwürde ol gurama işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny birleşdirýär. 

Ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň diňe bir san taýdan däl-de, önümçiligiň möçberi, görnüşleri, hili babatda-da uly ösüşleri gazanýandygyny bellemelidiris. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri innowasion tehnologiýaly iri kärhanalary, elektroenergetika önümçilik desgalaryny gurmakda, döwletiň ösüş maksatnamalary esasynda şäher we ýol gurluşyk işlerine, oba hojalyk pudagyna gatnaşmakda uly tejribe topladylar we ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda öz orunlaryny yzygiderli giňeldýärler. Işewürler Arkadag şäherinde bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, medeni-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar. 

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bolsa döwlet bilen hususy pudagyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňe sürülýän möhüm wezipeleriň hatarynda ýangyç energetika pudagyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmegiň ileri tutulýandygyny belledi. Munuň özi diňe bir telekeçilere we hususy işewürlere bildirilýän ynam bolmak bilen çäklenmeýär. Sebäbi ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösüşi döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Bu esasan hem, döwletiň ykdysady syýasatynyň netijeliligine, ýurdumyzyň Hökümetiniň ýerlerde döredýän mümkinçiliklerine baglydyr. Telekeçilik işleriniň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugta kemala getirilmegi, hususy önüm öndürijilere we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýanlara döwletiň ykdysady-önümçilik, ulag-aragatnaşyk düzümlerindäki, ylmy-barlag edaralaryndaky we beýleki ulgamlaryndaky serişdelerden hem-de gazanylanlardan peýdalanmaga hukuklaryň kepillendirilmegi hususy pudagyň çalt depginde ösmegine ýardam edýär. 

Türkmenistanyň öňdengörüjilik bilen ýola goýan, kämilleşdiren ösüş strategiýasynda halkyň, jemgyýetçiligiň çeper-döredijilik başlangyçlaryna, milli maddy gymmatlyklar babatda gadymdan gelýän ýörelgelere, senetçiligiň döwrebap görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ösüşiň bu ugurlary häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynyň ruhy-aňyýet binýadyna, döwlet bilen halkyň jebisligini şertlendirýän ýagdaýa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz başlangyçlary, hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýörelgelerimiz halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna, barha giň gerime eýe bolýar. Çeper döredijiligiň hemde maddy-medeni gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň döwlet tarapyndan ýokary derejede höweslendirilmegi adamlaryň aňyýet işjeňligine giň ýollary açýar. Medeni hyzmatdaşlygyň halkara derejä çykarylmagy bolsa türkmen halkynyň döredijilik mümkinçilikleriniň örän uludygyny, asyrlara ýaň salýan ägirt uly ruhy güýjüniň bardygyny äşgär edýär. 

Halkynyň paýhas güýjüniň döwürlere täsirini açyp görkezmekde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik hazynasynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirilen asylly gymmatlyklar baradaky naýbaşy kitaplarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Medeni-ruhy mirasymyzyň ähmiýetiniň döwlet syýasatynda şöhlelenmegi milletimiziň geçmişde beýik döwletleri gurmakda we dolandyrmakda şöhrat gazanyşy ýaly, milli gymmatlyklaryň baý hazynasyny döretmekde-de taryhy işleri bitirendigini aýan edip, onuň halkara derejede giňden ykrar edilmegine ýol açýar. 

Medeniýetimiziň, maddy-ruhy mirasymyzyň islendik ugruny alyp görenimizde, häzirki döwürde örän uly we düýpli döredijilik galkynyşynyň şaýady bolýarys. Munuň özi milletimiziň döredijilik, ruhy dünýäsiniň baýlaşýandygyna adamzat durmuşynyň aňyýet zerurlygynyň gözellikler, medeni-ynsanperwer ösüşler bilen baglydygyna çuňňur göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Tebigatyň gözelliklerinden ruhlanýan, kalbyň gözelliginden gaýnap çykýan, sazlaşykly, ruhubelent ýaşamaga çagyrýan, hiç haçan gymmaty gaçmaýan maddy, medeni, ruhy, aňyýet gymmatlyklarymyzy beýik taryhymyzyň zynatyna, kalplarymyzyň şamçyragyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ösdürýän, kämilleşdirýän, geljege alyp barýan döwletlilik ýoly dowamat-dowam bolsun! 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.