Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär.
Arkadag şäherine «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen hukuk ýagdaýynyň berilmegi onuň dolandyryş, gurluş düzümleriniň ähmiýetli aýratynlygyny ýüze çykarýar. Döwlet ähmiýetli şäher — bu döwletiň baş şäherleriniň we syýasy-dolandyryş merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap döredilip, olara «Kärizek» we «Gorjaw» atlary dakyldy. Şeýlelikde, Watanymyzyň dolandyryş çäk birlikleriniň çyzgysynda täze gurluş düzümi emele geldi. Munuň özi bu şäherde durmuşa geçirilýän taslamalary halkara ölçeglere laýyklykda ýerine ýetirmek, şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle çözgüdiň esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň çäkleriniň giňeldilmegi onuň ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, gurluşyk, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge-de giň mümkinçilikler döredýär.
Häzirki döwürde Arkadag şäherini ýurdumyzyň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça meýilnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gurulýan binalaryň daşky bezegleri bilen bir hatarda, olaryň howpsuzlygyny, amatlylygyny, ekologik goraglylygyny üpjün etjek taslamalar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Bu taslamalarda raýatlaryň zähmet çekmegi, dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy babatda döwrebap şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda şäherleriň, obalaryň gurluşyk işlerini düzgünleşdirýän, şol sanda olaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunlaryň birnäçesi hereket edýär. «Şähergurluşyk işi hakynda», «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary şähergurluşyk işini düzgünleşdirse, «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda», şeýle hem şu ýyl kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary paýtagtymyzyň we döwlet ähmiýetli şäherimiziň hukuk derejesini berkidýän kanunçylyk namalary bolup durýar. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu şäheriň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny berkidýär. Kanuna laýyklykda, Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirlikleri, gulluklary, edaralary hem-de guramalary degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň göni tabynlygynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, milli kanunçylyga laýyklykda döredilýär. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän döwlet ähmiýetli şäheriň edara binalary, iri desgalary durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň, ýurt, sebit ähmiýetli meseleleri çözmegiň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde hem giň mümkinçiliklere eýedir.
Ýokary, ýörite orta hem-de orta okuw mekdepleriniň edara binalary, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlary, söwda merkezleri, bazarlar ýaly durmuş desgalaryny özünde jemlän Arkadag şäheri raýatlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesliň mynasyp bilim almagy, müňlerçe maşgalanyň döwrebap ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilen mekanyna öwrüldi. Täze şäherde zähmet çekýänleriň we onuň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň ýaşlardygy has-da guwandyryjydyr.
Döwrüň iri şähergurluşyk taslamasy hökmünde şöhratlanan Arkadag şäheriniň çäginde we daş-töwereginde ekologik abadançylygyň bähbitlerine, bu ugurda halkara tejribäniň döwrebap gazananlaryna laýyk gelýän çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ilatyň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan peýdalanmak, az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, şunda material-çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, önümçilik we hojalyk işlerinde galyndylary iň pes möçbere getirmek babatdaky usullary durmuşa ornaşdyrmak işleri ilerledilýär.
Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine yzygiderli üns berilýär. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynyň gurulmagy, olarda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň halkara ülňülere we ekologik talaplara laýyk gelmeginiň gazanylmagy bu önümler bilen içerki sarp edijileri doly üpjün etmäge, bu babatdaky eksport mümkinçiliklerini ýola goýmaga şert döreder. Şeýle işler milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, onuň önümçilik kuwwatyny ekologik talaplara laýyk getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni.